Category Archives: News

Amerikan Geňeşlikleri FLEX 2015-2016 bäsleşiginiň ýeňijilerini gutlaýar!

Amerikan Geňeşlikleri FLEX 2015 bäsleşiginiň ýeňijilerini gutlaýar, olar Amerikan Birleşen Ştatlarynda 2015-16 okuw ýyly dowamynda okap ýaşarlar. Şu okuwçylar kabul edýän Amerikan maşgala-da ýaşap, Amerikaň orta mekdeplerinde okarlar. Geçen FLEX maksatnamasy örän bäsleşikli maksatnama bolup,onuň synaglaryna gatnaşanlaryň diňe 3% goterimi kabul edildi. Ýeňijileri ýene—de bir sapar gutlaýarys we olara bir ýylyň dowamynda wagtlaryny gyzykly hem-de täsinli geçirmeklerini arzuw edýäris.

Sag Bol, Jan!

Amerikan Geňeşlerin Türkmenistandaky işgärleri Jan Won Şlehiň guramamyza, onuň toparyna we biziň myhmanlara goşan bütin aňyrbaş gatanjy üçin, tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan edýär. Jan,öz tamasyny doly ödäp, bizde täzeden we gaýtadan örän dürs täsir galdyrdy. Biz oňa berk jan saglygy, sag-aman syýahat etmegini we has köp gyzykly başdangeçirmeleri arzuw edýäris. Sag bol Jan.

Deslapky ädim: Geljekki käriňizi saýlaň

 

Deslapky ädim: Geljekki käriňizi saýlaň

EducationUSA guramasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bilim mümkinçilikleri barada diňe barlanan, anyk we döwrebap maglumatlary hödürleýär. EducationUSA  sahypasynda ilkinji ädim boýunça maglumat ýerleşdirilen, ol Siziň bilim maksatlaryňyza laýyklykda “Mümkinçilikleriňizi öwrenmekden” ybarat, ýagny onda kollej, uniwersitet, aspirantura, iňlis dili okuwlary, gysgamöhletli ýa-da onlaýn okuwlary baradaky maglumatlary öz içine alýar.

EducationUSA Aşgabatdaky bilim-maslahat beriş merkezi öz gezeginde geljekki käriňizi saýlap almakda ýardam berip biljek tanyşmak üçin maglumatlary hödürleýär.

 BigFuture onlaýn resursyndan öz gözlegiňizi tapyň.

Özüňizi we daş-töwerekdäki kär almak mümkinçiliklerini has giňişleýin öwrenmek üçin BigFuture açyk onlaýn resursyny ulanyň. Uly bolmadyk makalalar we dürli görnüşli şahsyýet synaglary görnüşinde goşmaça maglumat Siziň şahsy häsiýetleriňize we islegleriňize laýyk geljek kär mümkinçilikleri barada has köp maglumat alyp bilersiňiz. Şeýle hem link to https://bigfuture.collegeboard.org/majors-careers resursa has içgin garaň – ol size amerikan uniwersitetlerinde kärler we ugurlar boýunça goşmaça maglumat almaga kömek eder.

Continue reading Deslapky ädim: Geljekki käriňizi saýlaň