FLEX maksatnamasynyň 30 ýyllygy!

Iýun aýynyň 30-na Türkmenistandaky Amerikan Geňeşlikleri FLEX maksatnamasynyň üstünliklerini we onuň uçurymlara edýän täsirini belläp geçmek üçin maksatnamanyň 30 ýyllygyny bellediler. Iki bölümden ybarat bolan bu çäre halkara derejeli mugallym we tälimçi Saýmon Nortonyň ýolbaşçylygynda “Işiňizi we öňüňizde goýýan gadamlaryňyzy, maksatlaryňyzy, gymmatlyklaryňyzy durmuşda amala aşyrmak ady bilen hünär kämilleşdiriş seminary geçirildi hem-de dabaraly kabul edişlik bilen tamamlandy.

Dabara ilçihananyň myhmanlary, şol sanda hem jenap Ilçi Klimow we hanym Klimow, şeýle-de medeniýet we bilim bölüminiň müdiri Nona Majidi hem gatnaşdylar. Ilçi uçurymlaryň ählisini gutlap, açylyş dabarasynda çykyş etdi, soňra Türkmenistandaky halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleriniň müdiri Kerri Miller hem öz çykyşy bilen dowam etdi.

Uçurymlar bilelikde agşamlyk naharyny edindiler, meşhur aýdymçynyň aýdymlaryny diňlediler, tans etdiler, FLEX fotozolagynda tematiki suratlara düşdiler we simwoliki FLEX torty bilen dabaraly çäräni gutarmazdan ozal aragatnaşygy saklamak maksady bilen telefon belgilerini alyşdylar.

Şeýle hem olaryň, FLEX maksatnamasy boýunça Amerikadaky kabul edýän maşgalalary üçin gutlag hatlaryny yazmaga we gol çekmäge mümkinçilikleri boldy. Bu duşuşyk ýurdumyzyň dürli künjeklerinden dürli ýaşlardaky 90-a golaý uçurymy jemledi we FLEX jemgyýetiniň Türkmenistandaky iň uly duşuşyklarynyň biri boldy.