Türkmenistanyň dürli künjeklerinden FLEX uçurymlarynyň on bäşisi 1-nji iýulda Aşgabatdaky “Arçabil” myhmanhanasynda hünär okuwyna gatnaşdylar. Çäre ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeni bölüminiň başlygy Nona Majidiniň açylyş çykyşy bilen başlandy. Soňra çäre Türkmenistandaky Amerikan Geňeşlikleriniň müdiri Kerri Milleriň gutlag sözleri we FLEX Maksatnama Merkeziniň müdiri Diana Muhammedowa’08 çykyşy bilen dowam etdi.
FLEX uçurymlarynyň utgaşdyryjysy Ýelena Gareýewa’08 we kömekçileri Malika Ismailowa’10 bilen Aýlar Amanowa’19 tarapyndan ýolbaşçylyk edilen bu seminarda, “Yzyňa ser salmak “, “Nämäniň üýtgändigine düşünmek” we “Medeniýetiň ýetirýän oňaýsyz täsiri” ýaly interaktiw çäreleriň geçirilmegi, uçurymlara öz tejribeleri barada pikirlenmäge mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, halypa uçurymlar, gazanan üstünliklerini we hünär üstünliklerini uçurymlar toparynyň mejlisinde paýlaşdylar.
USG uçurymlaryna goldaw maksatnamasynyň dolandyryjysy Güljahan Nepesowa’06 we Ýelena Gareýewa’08, FLEX uçurymlary üçin döredilen dürli grantlar we mümkinçilikler barada gürrüň berdiler. Şol günki çäre dünýä belli mugallym we tälimçi Saýmon Nortonyň ýolbaşçylygyndaky hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçiren okuwy bilen tamamlandy. Ýaş uçurymlar öz şäherlerine gitmezden ozal bilelikde amerikan tematikasynda surata düşdüler.