Category Archives: Flex

FLEX bäsleşigi 2022 barada maglumat

FLEX maksatnamasynyň wirtual bäsleşigi, Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan tassyklanandan soň başlar.

FLEX maksatnamasynyň wirtual bäsleşigi, aşakdaky talaplara laýyk gelýän Türkmenistandaky ähli ýokary synp mekdep okuwçylary üçin açyk bolar:

2005-nji ýylyň Mart aýynyň 15-den, 2007-njy ýylyň Maý aýynyň 31-i aralygynda doglan. Bellik: 11-nji synpda okaýan harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler.
• Soňky bäş ýylyň içinde ABŞ-da üç aýdan köp ýaşamadyk;
• Iňlis dilinde gowy gürleýän;
• Häzirki wagtda mekdepde okaýan, oňat we göreldeli bahalar alýan;
• ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýän;
• Türkmenistanyň raýaty.

Goşmaça maglumat üçin +993-63-50-20-36 belgä ýüz tutyp bilersiňiz.

Türkmenistanda 2021-nji ýylda FLEX Minnetdarlyk günini bellemek!

2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 4-ne FLEX 2021 Minnetdarlyk güni mynasybetli FLEX uçurymlarynyň Koordinatory çagalar üçin bäsleşik gurnady. Netijede 12 sany çaga bäsleşige gatnaşdy we FLEX nyşanyny döredijilikli reňklediler. Ýeňijiler FLEX maksatnamasynyň doglan gününde, ýagny sentýabr aýynyň 27-de yglan edildi we şol gün onlaýn baýramçylyk gurnaldy.


Türkmenistandan 34 sany FLEX uçurymy FLEX minnetdarlyk gününi bellemäge gyzyklanma bildirdiler we çäreniň dowamynda özara gürleşmäge, tejribelerini paýlaşmaga we  FLEX maksatnamasyna minnetdarlyk bildirmäge mümkinçilik aldylar. Amerikan Burçlarynyň wekilleriniň gurnan oýunlary we çykyşlary çärä şowhun we gyzyklanma gatdy. Kristina Fateýewa FLEX uçurymy’07: “Bu ajaýyp çäreni gurnanyňyz üçin köp sag boluň. Men gaty haladym we FLEX  maksatnamasyna minnetdarlyk bildirýärin”.

Uçurymlara esasan hem “Suratdaky çaganyň Kimdigini Anykla” oýny ýarady, olar oýnyň dowamynda birek-biregiň çagalyk suratlaryndan kimiň-kimdigini tanamaga çalyşdylar. Çäreniň ahyrynda uçurymlar lotereýa oýnuna gatnaşdylar we FLEX maksatnamasynyň nyşany bolan ýadygärlik utuşlara eýe boldular.

FLEX uçurymy 08 Röwşen Çaryýew bilen “Korporatiw dünýäni nädip çözdük we muny nädip edip bilersiňiz”

Maý aýynyň 15-nde FLEX maksatnamasynyň 2008 ýylyndaky uçurymy Röwşen Çaryýew (Aşgabat) “Korporatiw dünýäni nädip çözdük we muny Siz nädip edip bilersiňiz” atly mowzukda onlaýn söhbetdeşlik geçirdi. FLEX uçurymy, Philips-de üpjünçilik meýilnamalaşdyryş müdiri bolup işleýän we uniwersitetiň uçurymlaryna ilkinji iş tekliplerini almaga kömek edýän dosty Mile Tasewskini hem söhbetdeşlige çagyrdy. Gepleşigiň dowamynda Röwşen we Mile Amazon we Philips ýaly uly korporasiýalarda işlemek baradaky tejribeleri hakynda aýdyp berdiler we işe alyş we saýlaýyş işi barada çuňňur aýdyp geçdiler we mundan başga-da halkara kompaniýalarynda iş tapmak üçin möhüm görkezijileri maslahat berdiler. Uçurymlar ýokary bilim maksatnamalary, talyp haklary we aragatnaşyk mümkinçilikleri barada birnäçe soraglar berdiler. Umuman, bu söhbetdeşlige 18 sany uçurymlar gatnaşdy we olaryň 14-si Russiýadan, Türkiýeden we Germaniýadan goşulan FLEX uçurymlarydy. Uçurymlar bu gepleşigi diýseň höweslendiriji we ruhlandyryjy diýip hasaplap, alan bilimlerini ilkinji işlerine ýüz tutmakda ulanmaga sabyrsyzlanýarlar. FLEX uçurymy Röwşen “Işini ösdürmek 101” leksiýalaryna hem gatnaşmagy ähtimal.