All posts by

Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasy

«FLEX» – ýokary synp mekdep okuwçylary üçin niýetlenen, ABŞ-nyň hökümedi tarapyndan maliýeleşdirilýän maksatnamadyr. Bäsleşigiň ýeňijileri okuw ýylynyň dowamynda kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we amerikanyň orta mekdeplerinde okamaga mümkinçilik alarlar.

Maksatnama gatnaşmaga isleg bildirýän ähli ýokary synp mekdep okuwçylary, ýaş talaplaryna laýyk gelýän, iňlis dilini gowy bilýän, mekdepde gowy okaýan, ABŞ-nyň wizasyny almak üçin ähli talaplara gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary bolmaly.

Bäsleşigiň saýlawy Waşington şäherinde, halkara bilim boýunça alyş-çalyş ugrunda işleýän ökde hünärmenler tarapyndan geçirilýär. Fiziki mümkinçiligi çäkli bolan okuwçylar hem maksatnama gatnaşyp bilerler.

«FLEX» maksatnamasy barada goşmaça maglumat almak üçin Amerikan Geňeşlikleriniň ofisine ýüz tutyp bilersiňiz:

Aşgabat ş, köç.Görogly 48а
Tel. (993-12) 36-90-16; (993-63) 50-20-36
Elektron salgysy: flex@americancouncilstm.org
https://americancouncilstm.org