Category Archives: Flex

FLEX Maksatnamanyň ýenijileri Amerika gitdiler


2023-nji ýylyň 15-nji awgustynda FLEX maksatnamasynyň yeňijileri üstünlikli ABŞ-a gitdiler we eýýam kabul edýan jemgyýetleri tarapyndan garşylandylar. Biz FLEX maksatnamasynyň ýeňijilerine üstünlik arzuw edip, 2024-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabat halkara howa menzilinde garşylamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

“Ýaş Hünarmenleriň Jemgyýeti” taslamasy- Türkmenistanda ýaşlaryň mümkinçiliklerini ösdürmek

FLEX maksatnamasynyň uçurymlary Ýelena Gareýewa’08 we Ýazjemal Nuryýewa’08 ýaşlaryň mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilen uzak möhletli taslamany ýola goýdular. Hünär derejesini ösdürýän seminarlary we özara utgaşmaklygy hödürleýän bu jemgyýetçilik taslamasy türkmen ýaşlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe. Esasy maksatlaryň biri hem bilelikde okamaga, paýlaşmaga we ösmäge ymtylýan hünarmenleriň aýratyn jemgyýetini birikdirmek we ösdürmek. Bu taslama Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşlikleri we Türkmenistandaky ABŞ-nyň Ilçihanasy tarapyndan goldanylýar. Sapaklar Amerikan merkezinde geçirilýär we ABŞ-nyň Ilçihanasynyň sanly ulgam sahypalarynda mahabatlandyrylýar.

Continue reading “Ýaş Hünarmenleriň Jemgyýeti” taslamasy- Türkmenistanda ýaşlaryň mümkinçiliklerini ösdürmek

FLEX Minnetdarlyk Güni 2022 tutuş Türkmenistanda bellendi!

FLEX minnetdarlyk güni 2022, 7-nji oktýabrda Türkmenistanyň dört welaýatynda bellenildi. Bu çärä dürli ýyllardan we welaýatlardan umumy 35 uçurym gatnaşdy, olar FLEX maksatnamasynyň we Amerikanyň kabul edýän jemgyýetiniň Minnetdarlyk gününi bellemek üçin uçurymlar ACCELS (Aşgabat), Türkmenabat Amerikan burçy, Mary Amerikan burçy we Daşoguz Amerikan burçuna ýygnandylar. Paýtagtda geçirilen dabara ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimowyň we Amerikan Geňeşlikleriniň Müdiri Kerri Milleriň açylyş sözlerinden başlap, bingo, ownuk oýun oýnamak, ýörite döredilen FLEX uçurymlarynyň minnetdarlyk çarçuwasy bilen surata düşmek we FLEX minnetdarlyk kartlaryny doldurmaklyk bilen dowam etdi. Mundan başga-da, uçurymlara iýmit, içgiler we FLEX maksatnamasynyň logosy bilen bezelen tort hödürlendi. Maksatnama minnetdarlyk bildirmekden başga-da, uçurymlar biri-biri bilen iş we şahsy durmuşlary barada gürleşip hasam ýakynlaşdylar. FLEX maksatnamasynyň uçurymy bolmak bu bir maşgala ýaly birek-birek bilen gyzgyn duýgulary paýlaşmak. FLEX uçurymlarynyň aýdyşy ýaly “Bir gezek FLEX hemişelik FLEX”!