Halkara Bilim Sergisi 2015

ABŞ-nda Halkara Bilim Stendine Geliň!

Wagty?
Noýabr aýynyň 12-13-ne sagat 10:00 dan 20:00 aralygynda geçiriler
Noýabr aýynyň 14-ne sagat 10:00 dan 15:00 aralygynda geçiriler

Geçirilýän ýeri?
Sergi köşgi, Garaşsyzlyk şaýoly 104, Aşgabat, Türkmenistan

Maksady?
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda halkara ýokary bilim bilen tanyşdyrmak


ABŞ-da Halkara Bilim Sergisi barada doly maglumat almak üçin https://americancouncilstm.org/education-fairs/?lang=tm

FLEX maksatnamasynyň Aşgabatdaky 1 tapgyryň netijeleri

FLEX maksatnamasynyň bäsleşigi şu ýyl dartgynly geçirilip, oňa 370-den gowrak okuwçy gatnaşdy.

Ikinji tapgyra çagyrylan okuwçylar 20-nji mekdebe bellenilen wagtyndan iň azyndan 15 minut öň gelmelidir. Hem-de ýany bilen GARA ruçka getirmelidir. Birinji tapgyrdan geçen okuwçylary gutlaýarys hem ikinji tapgyrda üstünlik arzuw edýäris!

Şu ýyl FLEX Maksatnamasy bäsleşigine gatnaşmak isleýanler üçin iň soňky mumkinçilik!

2016-2017-nji ýyl FLEX Maksatnamasynyň bäsleşiginiň in sonky 1-nji tapgyry 2015-nji ýylyň 8-nji Noýabrynda, Ýekşenbe güni, Aşgabat şäheriniň 20-nji orta mekdebinde sagat 9:00 da geçirilýär. Türkmenistan boýunça Maksatnama gatnaşmaga laýyk gelýan okuwçylaryň ählisini hat-da öz ýaşaýan Welaýatynda ýa-da şäherinde bäsleşigiň geçirilip tamamlanandygyna garamazdan, bu bäsleşige gatnaşmaga çagyrýarys. FLEX Maksatnamasy baradaky maglumatlary Türkmenistan FLEX web sahypamyzdan alyp bilersiňiz.

Continue reading Şu ýyl FLEX Maksatnamasy bäsleşigine gatnaşmak isleýanler üçin iň soňky mumkinçilik!