
2026-njy ýylyň 2-nji apreli — C5+O.N.E. (Opening Networks Through English) maksatnamasy öz altynjy toparyny resmi taýdan işe girizdi we Merkezi Aziýanyň dürli künjeginden 500-den gowrak döwlet edaralarynyň, hususy pudagyň, raýat jemgyýetiniň we metbugatyň hünärmenlerini bir ýere jemledi. Maksatnama ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça býurosy tarapyndan maliýeleşdirilýär we Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri (American Councils for International Education) tarapyndan durmuşa geçirilýär. Bu maksatnama sebit boýunça iňlis dili başarnygyny güýçlendirip, has çuň integrasiýany goldamak, hünär hyzmatdaşlygyny ösdürmek we ABŞ bilen ykdysady gatnaşyklary giňeltmek maksadyna hyzmat edýär

6-njy toparyň gatnaşyjylary Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlaryndan bolup, oba hojalygy, bank işi we maliýe, maglumat tehnologiýalary, telekeçilik hem-de energetika ýaly ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryndan gelýärler. Olar “Ykdysadyýet üçin iňlis dili” boýunça okaýarlar, amerikan hünärmenleri bilen aragatnaşyk gurýarlar we Merkezi Aziýa boýunça hem-de ABŞ-daky kärdeşleri bilen hünär gatnaşyklarynyň ulgamyny döredýärler. Şeýle-de gatnaşyjylar eýýäm bu maksatnamany üstünlikli tamamlan 1200-den gowrak hünärmenden ybarat bolan uçurymlaryň sanawyna goşularlar.


