2016-njy ýylyň Mart aýynyň 12-ne geçiriljek ABŞ-da Balalawriýat barada Seminar

2016-njy ýylyň Mart aýynyň 12-ne geçiriljek ABŞ-da Balalawriýat barada Seminar.

Siz ABŞ-nyň uniwersitetlerine resminama tabşyrmagyň we gözlemegiň ýolunda bolup, ýöne resurslaryň hem gönükdermeleriňiziň kem bolmagy sebäpli haýsy uniwersiteti hem-de haýsy hünäri saylamaklyk ýagdaýyndamy? Bilim we Maslahat beriş Merkezi (EducationUSA)siziň hyzmatyňyzda! ABŞ-nda Bakalawr derejesini almak barada ähli maglumat, ýörite ylym, hünärler we talaplar barada, mäliýe kömegi hem başga zatlar barada bilmek üçin biziň Mart aýyndaky geçiriljek seminarymyza goşulyň.

ABŞ-nda öziňize iň laýyk gelýän ýokary okuw jaýlaryny gözlemek üçin zerur türgenleşmelerini edinmek üçin, iki sagatlyk seminaryň tejribesine gatnaşyň.

Continue reading 2016-njy ýylyň Mart aýynyň 12-ne geçiriljek ABŞ-da Balalawriýat barada Seminar

FLEX 2015 maksatnamasynyň bäsleşigi tamamlandy!

Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri, FLEX maksatnamasynyň 2016-2017 ýyllar üçin bäsleşigini tamam etdiler.

Bäsleşige Türkmenistan boýunça 900-e golaý mekdep okuwçylary gatnaşdylar.  Bäsleşik bäş welaýatyň synag merkezlerinde geçirildi.  Bäsleşigiň netijeleri 2016-nji ýylyň Aprel aýynda belli bolar.

Bu bäsleşigiň ýeňijilerine Amerikan maşgalasynda ýaşamak, Amerikan orta mekdeplerinde 2016-2017 ýyllar aralygynda okamak mümkinçilikleri berilyär. FLEX maksatnamasy gatnaşyjylarynyň ýaşaýan ýerlerinden ABŞ-da boljak ýerlerine çenli gitmegi we yzyna gaýdyp gelmegi bilen bagly çykdaýjylaryny öz üstüne alýar, şeýle hem talyp hakyny berýär.  ABŞ-nyň hökümedi FLEX maksatnamasyna ýolbaşçylyk edýär we oňa doly ýardam berýär. FLEX maksatnamasy onuň talaplaryna gabat gelýän ähli mekdep okuwçylary we maýyp okuwçylar üçin açykdyr. Şu maksatnamanyň döredilen gününden bäri, oňa jemi 220-den gowurak maýyp okuwçy gatnaşyp, şolaryň 4 sanysy Türkmenistandan.

Continue reading FLEX 2015 maksatnamasynyň bäsleşigi tamamlandy!

FLEX maksatnamasynyň Aşgabatdaky netijeleri

FLEX maksatnamasynyň bäsleşigi şu ýyl dartgynly geçirilip, oňa 370-den gowrak okuwçy gatnaşdy. Üçünji tapgyra geçen okuwçylaryň sanawyny şu taýda tapyp bilersiňiz. Üçünji tapgyra çagyrylan okuwçylar 20-nji mekdebe bellenilen wagtyndan iň azyndan 15 minut öň gelmelidir. Hem-de ýany bilen GARA ruçka getirmelidir. Ikinji tapgyrdan geçen okuwçylary gutlaýarys hem üçünji tapgyrda üstünlik arzuw edýäris!