ABŞ-da BILIM

ABŞ-da bilim almak EducationUSA

EducationUSA(http://www.educationusa.info/) bu dünýäniň 170 döwletindäki maslahat merkezleriniň tory bolup, bu ýerde millionlarça halkara talyplar amerikan kolejlerine we uniwersitetlerine resminamalary tabşyrmagyň tertibi barada doly we gündelik maglumaty alýarlar.

EducationUSA tory öz gezeginde Birleşen Ştatlaryň we beýleki ýurtlaryň milletleriniň arasynda özara düşünişmelerine ýardam bermäge çalyşýan ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeniýet meseleleri boýunça Býurosy (ECA) tarapyndan goldanylýar.

EducationUSA-nyň maslahatçylary we işgärleri ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna talyplaryň halkara derjede kabul edilmegine ýardam bermek maksady bilen, Amerikadaky ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri bilen gös-göni işleşýärler.

EducationUSA “Amerikada okuwa tarap 5 ädim” atly programmanyň kömegi bilen ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna resminamalary tabşyrmagyň tertibini berjaý etmäge ýardam berýär:

1. Öz mümkinçilikleriňizi öwreniň

  • Öz ilkinji maksatlaryňyza baha beriň;

  • ABŞ-daky bilim ulgamy bilen tanyş boluň;

  • ABŞ-da hasaba alnan köp sanly ýokary okuw jaýlaryny gözlemegiň ulgamy bilen tanyş boluň;

2. Öz bilimiňize çykarýan çykdaýjylaryňyzyň budjetini kesgitläň

  • Budjeti işläp taýýarlaň;

  • Bilime çykarýan çykdajylaryňyzy nähili azaldyp biljekdigiňiz barada pikir ediň;

  • Degişli stipendiýaly programmalary we maliýe kömegini gözläp görüň;

3. Uniwersitete giriş-anketaňyzy tabşyryň

  • Anketany doldurmak üçin berilen wagtyňyzy dogry ulanyň;

  • Goşmaça resminamalary, şol sanda testleri tabşyrmalydygyny göz öňünde tutuň;

  • Delillendiriji düzmäni ýazmak üçin ýeterlik wagt sarp ediň;

4. Talyp wizany almak üçin öz resminamalaryňyzy tabşyryň

  • Wiza almak üçin zerur bolan resminamalaryň sanawyny öňünden öwreniň;

  • Wiza üçin anketany tabşyrmagyň doly tertibini kesgitläň;

  • Gürrüňdeşlik üçin taýýarlyk görüň;

5. Uçup gitmek üçin taýýarlyk çärelerini görüň

  • Uçup geleniňizden soňraky etmeli hereketleriňizi kesgitläň;

  • Täze akademiki ýagdaýlara we şertlere girişmegiň tertibini ýeňilleşdirmäge çalyşyň;

  • ABŞ-nyň medeniýetine we Özüňiziň täze uniwersitetiňize öwrenişmäge çalyşyň;

image_pdfimage_print