Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin ABŞ-da bir ýyllyk okuw maksatnamasy!

FLEX – bu bäsleşik esasynda geçirilýän, talyp hakyny berýän we ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan doly maliýeleşdirilýän maksatnama, guramaçylyk ýolbaşçylygyny bolsa, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni maksatnamalarynyň Býurosy amala aşyrýar (ECA). Bäsleşigiň netijesinde ýeňiji mekdep okuwçylaryna maksatnama bir ýylyň dowamynda ABŞ-da kabul edýän meýletin maşgalada ýaşamak we amerikan orta mekdebinde okamak üçin talyp haky bilen üpjün edýär. Maksatnamanyň maksady, ABŞ-nyň we beýleki döwletleriň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmekligi ösdürmek. FLEX maksatnamasy amerikanyň raýatlarynyň şeýle hem mekdepleriň goldawy bilen geçirilýär we olar berýän goldawlary üçin maliýe öwezini talap etmeýärler. Özüniň 27 ýyllyk işiniň dowamynda FLEX eýýäm 28.000-den gowrak okuwça talyp hakyny berdi.

Maksatnamany kim gurnaýar?
Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşlikleri bäsleşigi, dalaşgärleriň saýlawyny, ugrukdyryjy maksatnamany geçirýärler we FLEX maksatnamasynyň gatnaşyjylaryny ABŞ-a uçuşyny gurnaýarlar. Başga-da dürli amerikan täjirçilik däl we hökümet edarasyna degişli bolmadyk edaralar hem FLEX maksatnamasynyň çäklerinde işleýärler. ABŞ-nyň hökümetiniň tabşyrygy boýunça, bu guramalar maksatnama gatnaşyjylary amerikan maşgalalaryna ýerleşdirýärler we maksatnamanyň bütin ýylynyň dowamynda çäreleri gurnaýarlar.

Talyp haky nämeler bilen üpjün edýär?
• Öýünden ABŞ-daky ýaşajak ýerine çenli tölegsiz gitmek we yzyna dolanyp gelmek;
• Okuwça jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmaga we gündelik ulanýan şahsy serişdelerini satyn almaga mümkinçilik berýän çykdaýjylaryň her aýdaky tölegi;
• Gatnaşyjyny bir ýylyň dowamynda saýlanylyp alnan, kabul edýän maşgala ýaşatmak;
• Amerikan orta mekdebine ýerleşdirmek;
• Maksatnamdan öňki we soňky taýýarlygy özünde jemleýän ugrukdyryjy okuwy gurnamak;
• ABŞ-da ýerli derejedäki çäreleri gurnamak;
• Medisina ätiýaçlandyrmasy, ýöne bu ABŞ-a gelmezden öňki keselleriň bejergisini we stomatologiýa kömeginiň töleglerini tölemeýär.

FLEX maksatnamasyna kimler gatnaşyp bilýär?
FLEX maksatnamasy talaplara laýyk gelýän ähli okuwçylar üçin açyk we tölegsiz bolup, bäsleşik esasynda geçirilýär. Fiziki mümkinçiligi çäkli bolan okuwçylar hem maksatnama gatnaşyp bilýärler. Her ýyl takmynan 20 sany fiziki mümkinçiligi çäkli bolan okuwçylar FLEX maksatnamasynyň ýeňijisi bolýarlar. Olar hem beýleki gatnaşyjylar ýaly umumy esasda bäsleşigi geçýärler. Okuwçylar bäsleşige ýylyň dowamynda diňe bir gezek gatnaşyp bilýärler.

Gabat gelýän gatnaşyjylaryň ählisi:
1) Öz ýurtlary üçin bellenilen ýaş/synp toparlaryna gabat gelmeli (test rejesine serediň)
2) Bäsleşik geçirilýän wagty orta mekdepde okaýan bolmaly
3) Gowy we tapawutly bahalara okamaly.
4) Öňden iňlis dilini öwrenýän we bäsleşige gatnaşýan döwründe iňlis dilinden bilimini görkezmeli
5) Amerikan giriş wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelmeli.
6) Türkmenistanyň raýaty bolmaly.

FLEX maksatnamasy barada goşmaça maglumat almak üçin:
Elektron poçta: flex@americancouncilstm.org
Tel: (993) 12-36-90-16/21
Mob: (993) 63-50-20-36
Fax: (993) 12-36-90-16 (104)