Daşoguz Amerikan Burçy

Daşoguz şäherinde ýerleşýän amerikan burçyň esasy maksady Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegi berkitmegi amala aşyrmakdyr. Şeýle hem, bu merkez ABŞ-nyň taryhy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik durmuşy hem-de bilim baradaky iň täze maglumaty hödürleýär.

Daşoguz Amerikan Burçy na gatnaşyjylar ABŞ-daky deň-duşlary, işdeşleri bilen aragatnaşygy ýola goýmak isleýän mekdep okuwçylaryndan, döwlet we hususy edaralarynyň wekillerinden we ýönekeý raýatlardan ybaratdyr.

ABŞ-nyň bilim maksatnamalary baradaky maglumaty ähli isleg bildiryän adamlara bermeklik amerikan burçlaryndaky ABŞ-da bilim almaklyk baradaky maslahatçysynyň esasy wezipeleriniň biri hasaplanylýar. Şeyle hem Amerikan burçlarynda ABŞ-da bilim bilen baglanyşykly hemme maglumatlary tapmak mümkindir.

Daşoguz Amerikan Burçynda maglumat serişdeleriniň nusgawy toplumy bardyr. Ol özüne internet ulgamyna giň mümkinçilikleri, şunuň ýaly-da, dürli eserleri hödürleýän kitaphanany, maslahat beriş merkezleri, söhbet mejlishanalaryny birikdirýär. Amerikan burçlaryndaky maglumat serişdeleriniň aglaba bölegi iňlis dili boýunça okuw kitaplaryndan, çeper eserlerden, maglumat görkeziji edebiýatlardan, yzygiderli neşirlerden, kataloglardan, ensiklopediýalardan, sözlüklerden we beýleki okuw serişdelerinden ybaratdyr. Şunuň ýaly-da, olar audio we wideo/DVD toplumlary öz içine alýar. Maglumat beriş serişdelerinden başga-da amerikan burçlarynda dürli görnüşli medeni okuw çäreleri geçirilýär. Bu alnyp barylýan çäreleriň gerimi giňdir: Oňa iňlis dilininde TOEFL, SAT, we ABŞ-nyň ýokary okuw mekdepleri barada maslahatlary; amerikan medeniýetini öwrediş çareler; we ş.m. degişlidir. Bu ýerde amerikan wideo-filmleri baradaky söhbetler, tanyşdyrmalar we Amerikadan gelen adamlar bilen duşuşyklar guralýar.

American Corner EducationUSA Adviser: Enesh Haydarova
Americada Bilim Almak uçin Maslahatçy: Eneş Haydarowa

Her aýyň dowamynda Daşoguz Amerikan Burçyna iki müňden hem köp höwesjeňler gatnaşýarlar. Olar kitaphanadan, internet ulgamyndan peýdalanyjylar, ABŞ-da bilim almak baradaky maglumatlary almak isleýänler, amerikan burçlary tarapyndan geçirilýän köp görnişli çärelere gatnaşyjylardyr.


Doly maglumat we geçirilýän çäreleriň tertibini almak üçin bize şu aşakdaky salgylar boýunça ýüz tutup bilersiňiz:

Amerikan Burçynyň Wekili: Jahan Agayewa
Americada Bilim Almak uçin Maslahatçy: Eneş Haydarowa
Amerikan Burçynyň Wekiliniň kömekçisi: Victoria Son
Daşoguz şäheri, Türkmenbaşy köçesi -7/2, Türkmenistan 746300
Tel/faks: 993-322-60773
E-poçta: acdashoguz@americancouncilstm.org
mail.ru acdash@mail.ru

image_pdfimage_print