2017-NJI ÝYLYŇ TOMUS SEMINARY

Eger-de siz ABŞ-nyň kollejlaryna ýa-da uniwersitetlaryna resminama tabşyrmak bilen gyzyklanýan bolsaňyz, biz sizi kolledjlara girmeklige bagyşlanan U.S. Summer Admissions Workshop 2017 Tomus Seminaryň taýýarlaýjy sessiýasyna gatnaşmaga garaşýarys.

Şu bäş günlik intensiw tomus sessiýasy sizi ABŞ-da ýokary bilim almak üçin resminamany üstünlik bilen tabşyrmana has peýdaly endik bilen üpjün edýär.

Amerikan ýokary bilim sistemasy we ABŞ-da bilim mümkinçilikleri barada bilmek isleseňiz, biziň ABŞ-da ýokary bilim barada Tomus Seminaryna goşulyň!

Seminaryň geçiriljek wagtlary: 2017-nji ýylyň may aýynyň 11-den 13-na çenli, sagat 15:00-dan 18:00 çenli.
– Broşýurany görmek üçin

Talaplar:
• ABŞ-nyň okuw jaýlaryna (kollej, uniwersitet) resminama tabşyrmak sebäpli uly höweslilik
• gowy iňlis dili endikleri (iňlis dil bilimiňiz test arkaly barlanar!)
• bäş günlik seminaryň tertipli gatnamak
• positiw garaýyş

Nähili bellige alynýar?
1. Bellige alyş spisogyna 2017-nji ýylyň may aýynyň 4-na çenli ýazylyň
2. Iňlis dili testinden geçiň
7 nji may, 2017 ý.
3. Gatnaşyjy boluň

Bellige alynmak üçin we Tomus Seminary barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz Bilim we maslahat beriş merkezinde (Education USA Advising Center) şu salgy boýunça gelip alyp bilersiňiz:
Aşgabat ş., Türkmenistan
Görogly köç. -48 А, 3-nji gat
Тel.(+99312) 36-90-16/21/22 (içerki.106)
Elektron salgysy: eac@americancouncilstm.org

image_pdfimage_print