BILIM ÝARMARKALARY 2015

Halkara Bilim Sergisi 2015
Noýabr aýynyň 12-14-i aralygynda Education USA Bilim boýunça Maslahat Beriş Merkezi we Halkara Bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri her ýyl Türkmenistanyň Bilim Ministrligi tarapyndan gurnalýan “Bilim we sport Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara Sergisine gatnaşdylar. Serginiň üç gününiň dowamynda, Bilim Maslahat Beriş Merkezi Amerikanyň ýokary okuw jaýlaryndan ugradylan birnäçe mahabat esbaplary, olaryň maksatnamary barada maglumat kitapçalary görkezdi we paýlady. Şeýle-de, Bilim Maslahat Beriş Merkeziniň stendinde özleriniň iňlis dili we matematika boýunça bilim derejelerini barlamaga isleg bildirenler üçin ABŞ-nyň standart testleriniň esasynda, kiçi TOEFL we SAT bäsleşikleri geçirildi. Bäsleşigiň ýeňijileri Bilim Maslahat Beriş Merkezinden ýörite sowgatlar bilen sylaglandylar. Bulardan başga-da, sergä gatnaşyjylara Bakalawr we Magistr derejelerine eýe bolan kandidatlaryň hakyky egin-eşiklerini geýip, Bilim Maslahat Beriş Merkeziniň stendiniň öňünde surata düşmek mümkünçiligi berildi.

Halkara Bilim Hepdeligi
2015-nji ýylyň güýzünde EducationUSA Bilim boýunça Maslahat Beriş Merkezi we Halkara Bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri halkara çäresi bolan – ýylda geçirilýän Bilim boýunça Sergi we Halkara Bilim Hepdeligini – bellediler. Halkara Bilim Hepdeliginiň 16 ýyllygy mynasybetli, bu ýyl biz aýratyn prezentasiýalardan we çärelerden ybarat bolan hepdeligi, dürli Amerikan maksatnamalarynyň uçurymlaryny we başga myhmanlary çagyryp, ABŞ-da alan tejribeleri barada gepleşikleri gurnadyk, ene-atalar bilen duşuşyklary geçirdik we Amerikanyň ýokary bilim ulgamy barada giňişleýin maglumat bermek maksady bilen TED gepleşikleri ýaly başga-da bilim çärelerini alyp bardyk.