Men çagamy FLEX maksatnmasyna gatnaşdyrmak üçin nädip hasaba goýmaly?
FLEX maksatnamasynyň hasaba alynyşygy örän ýeňil we birinji tapgyra çenli öňünden hiç zat etmek gerek däl. Hasaba alynmak üçin bellenen wagtda, bellenen test merkezine gelmeli, ýanyňyzda pasport/ dogluş hakyndaky şahadatnama, bir surat, ruçka bolmaly. Ähli gatnaşyjylar mekdep lybasynda gelmeli. Başga hiç zat gerek däl. Talaplara laýyk gelýän we ýanynda gerekli resminamalary bolan okuwçylar hasaba alynar we teste goýberiler.
Men mekdebi gutaranymdan soň FLEX maksatnamasyna gatnaşyp bilerinmi?
Ýok. FLEX – bu mekdep okuwçylary üçin niýetlenen maksatnama, mekdebi gutaran okuwçylar gatnaşyp bilmeýärler.
Eger-de men teste gatnaşsam we geçip bilmesem, onda men başga welaýatda ýene bir sapar gatnaşyp bilermi?
Gynansakda Ýok. Her bir okuwçy FLEX maksatnamasynyň bäsleşigine ýylda bir sapar gatnaşyp bilýär.
Eger-de men öz şäherimdäki FLEX bäsleşigine gatnaşyp bilmesem, onda men başga ýerde gatnaşyp bilerinmi?
Eger-de siz öz şäheriňizde FLEX maksatnamasynyň bäsleşigini goýberen bolsaňyz, onda biz size Aşgabat şäherinde geçiriljek bäsleşige gatnaşmagyňyzy maslahat berýäris.
Maksatnama gatnaşmak üçin çagamyň iňlis dili derejesi nähili bolmaly?
FLEX – bu dil maksatnamasy däldir.Ýeňijileri iňlis dili derejesi boýunça däl-de esasan hem, başga jemgyýete uýgunlaşmak we üstünlikli geçirmek ukyplaryny görkezendikleri üçin saýlaýarlar. Gatnaşyjylaryň iňlis dilisi barlanylýar, sebäbi olaryň iňlis dilinde ýazmak we gürleşmek ukyplary, olara ABŞ-da mekdep durmyşyna we maşgala durmyşyna gatnaşmak üçin gerek bolýar. Eger gatnaşyjy ýeňiji bolmak üçin gerekli bolan häsiýetleri görkezen bolsa, ýöne onuň iňlis dilisi pes bolsa, saýlanan okuwça dil öwrenmek üçin goşmaça okuw hödürlener.
FLEX maksatnamasynyň testlerine taýynlyk görüp bolýarmy? Ýa-da taýynlaýan ýörite kurslar barmy?
Üstünlilkli dalaşgärler, özleriniň täze jemyýetdäki durmyşa uýgunlaşmak ukyplaryny görkezýärler. Gatnaşyjylar1-nji tapgyra özüniň iňlis dilisini ösdürmek bilen taýynlanyp bilýär we Biz: http://americanenglish.state.gov/ sahypasyny maslahat berýäris.
Tapgyrlaryň netijeleri haçan belli bolýar?
Birinji tapgyryň netijesi, birinji tapgyr geçirilen güni, güniň ikinji ýarymynda belli bolýar. Ikinji tapgyryň netijileri, ikinji tapgyr geçirilenden soňra üç-alty hedäniň dowamynda belli bolýar. Üçünji tapgyra geçen ähli okuwçylara jaň ediler. Amerikan Geňeşlikleriniň ofisine jaň etmäň. Üçünji tapgyryň netijeleri ýaz aýlarynda belli bolýar. FLEX maksatnamasynyň ýeňijilerine, alternatiw okuwçylara we geçmedik okuwçylaryň ählisine Amerikan Geňeşlikleri habar ederler.
Meniň çagamyň fiziki mümkinçiligi çäkli, ol FLEX maksatnamasyna gatnaşyp bilermi?
Biz fiziki mümkinçiligi çäkli bolan okuwçylaryda FLEX maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýarys. Biz olary maksatnama gatnaşdyrmak üçin ähli mümkinçiligi dörederis. Hiç kim özüniň görüşiniň, eşidişiniň ýa-da herekediniň kadaly däldigi üçin maksatnama gatnaşmakdan ýüz öwürmeli däldir. Bizde fiziki mümkinçiligi çäkli bolan okuwçylar üçin ýörite testler bar.
Eger-de men ýeňiji bolsam, men tölemelimi?
Maksatnama dolulygyna ABŞ-nyň hökümedi tarapyndan maliýeleşdirilýär. Ýöne, daşary ýurt pasportyny almak bilen bagly çykdaýjylary, şahsy çykdaýjylary, ýüküň tölegini we öz ýurdyndakylar bilentelefon gepleşikleriniň, internet we elektron poçtasynyň töleglerini FLEX maksatnamasy öz üstüne almaýar.