BILIM ÝARMARKALARY

Bilim ýarmarkalary – bu Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda halkara ýokary bilimi almagy ýaýratmak maksady bilen Türkmenistanda her ýylda geçirilýän çärelerdir. Bu çäreleriň esasy maksady ABŞ-da bakalawr, magistr we beýleki derejeleri almak üçin döredilen mümkinçiliklere we programmalara jemgyýetde gyzyklanma döretmegine gönükdirilendir.

Bilim ýarmarkalar her ýylda ABŞ-nyň Bilim we maslahat beriş merkezi (EAC), Halkara bilim baradaky Amerikan geňeşi we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanasy bilen özära hyzmatdaşlyk etmekleri bilen geçirilýär.

Amerikanyň ýüzlerçe uniwersitetleri Türkmenistandaky dalaşgärlere özlerini tanyşdyrmak üçin mahabatlandyryjy broşuralary, kitapçalary, flaýerleri we kataloglary iberýärler.

Şeýle hem, ABŞ-daky uniwersitetlerini we kolejlerini tanyşdyrmak we öz ýokary okuw jaýlaryna anketalary hem-de resminamalary tabşyrmagyň tertibini ara alyp maslahatlaşmak üçin, Türkmenistana Halkara kabul ediş toparynyň wekilleri gelýärler.

BILIM ÝARMARKALARY 2014
BILIM ÝARMARKALARY 2015