ABŞ-da Ýokary Bilim Hünarmenler Sergisini

Gelejegiňiz barada oýlanýarmysyňyz? Gelejekde kim bolarkam diyip öz-özüňize sowal berýarmisiňiz? Amerikan koleji ýa-da uniwersitetlerinde okamak size kär saýlamakda ýardam berip biljegini   bilýarmisiňiz? “EducationUSA” ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat Serişdeler Merkezi bilen bilelikde size ABŞ-da giňden ýaýran kärler we hünärler barada maglumat almaga ýardam eder!

“EducationUSA” mart aýynyň 24 bilen 27-si aralygynda “ABŞ-da Ýokary Bilim Hünarmenler Sergisini” gurnaýarlar.

Görnükli üstünlikleri gazanan iki sany alyp baryjylar size hünar saýlap seçmek we gelejekde dereje gazanmak bilen bagly öz tejribelerini paýlaşyp her gün çykyş ederler.

Serginiň doly tertipnamasy ýakyn geljekde siziň dykkatyňyza hödürlener.

Maglumat we medeniýet bölümine barmagyň ugry şu kartada berilen (görkezilen).