C5 +ONE (Opening Networks Through English) maksatnamasy Türkmenistanda

Türkmenistandaky Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri hökümetde, jemgyýetçilik guramalarynda we hususy kärhanalarda energiýa we daşky gurşaw pudaklarynda zähmet çekýän başlangyç we orta derejeli işgärlere niýetlenen C5 + ONE maksatnamasyny işe girizdi.

Bu maksatnama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisinde (Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan we Gyrgyzystan) Amerikan Geňeşlikleriniň edaralary tarapyndan dolandyrylýar. Maksatnama gatnaşýan hünärmenler, hepdelik çäreleriň, milli we sebitleýin seminarlaryň, webinarlaryň we ekskursiýalaryň üsti bilen Iňlis dilinde diňlemek, okamak, ýazmak we gürlemek endiklerini ösdürmäge ajaýyp mümkinçilik alarlar.

Şeýle hem bu maksatnama, professional gatnaşyklary ýola goýmaga, dürli maglumatlara we mümkinçiliklere eýe bolmaga we hünär başarnyklaryny berkitmäge mümkinçilik döreder. C5 + ONE maksatnamasy diňe her gatnaşyjy ýurtdaky ABŞ-nyň ilçihanasy tarapyndan hödürlenen edaralar üçin açykdyr.