EdUSA Kohort uçurymlarynyň tomusky okuw tejribe teklibi

EdUSA kohort uçurymy, Opportunity programmasynyň baýragynyň eýesi we häzirki wagtda Jamestown Community kollejiniň birinji kursunda okaýan Bägül Mammedowa, Nýu-NYorkuň Buffalo halkara institutynda tomusky okuw tejribe teklipini aldy. Bägül, Täze Amerikan Integrasiýa bölüminde tejribe gözleg we ösüş boýunça 2020-nji ýylyň iýun-sentýabr aýlarynda başlar. Institut ABŞ-a gelýän immigrantlara we bosgunlara garşy almak, çözgüt tapmak we iş tapmak arkaly kömek berýän guramadyr.

Birleşen Milletler Guramasy, ABŞ-nyň Döwlet Departamenti, USCRI, Täze Amerikanyň Ykdysadyýeti we başga-da köp guramalar we milli guramalar bilen hyzmatdaşlygy bar. Bu okuw tejribesi tölenmevär we Bägül Günbatar Nýu-Yorkda (GNY) täze medeni çäreleri we programmalary gurnaýan toparyň bir bölegi bolar. Bägül özüni diýseň tolgundyryjy duýýar we “Institutyň daşary ýurtlulary WNY-a birleşdirmek we jemgyýeti täze medeniýetler bilen baýlaşdyrmak maksady bilen institutyň esasy maksatlary sebäpli okuw tejribe maksatnamasynyň bir bölegi bolmaklygyna buýsanýar”.

Tejribelik wezipesiniň bir bölegi hökmünde, “BMG-nyň indiki Model guramasyny guramaga we taýýarlanmaga, täze wakalary döretmäge we ösdürmäge, bosgunlar we immigrantlar üçin iňlis dilindäki programmalary gowulandyrmaga kömek eder”. Bägül, okuw tejribesi kollejiň esasy we geljekki hünäri bilen Global Gozleglerinde uly mümkinçilik döreder diýip hasaplaýar.