Category Archives: News

Türkmenistandaky Amerikan Burçlary

Türkmenabat Amerikan Burçy
American Burçynyň Wekili: Leýla Jumaýewa
Amerikada Bilim Almak Boýunça Maslahatçy: Gulmira Abdyrahmanowa
Amerikan Burçynyň Çärelerini Gurnaýan Koordinatory: Akgül Rozyýewa
Salgysy: Garaşsyz Diýar (Puşkin) köçesi-33, Şatlyk öyiniň 3-nji gaty, Türkmenabat şäheri, Türkmenistan 746100
Tel/faks: 993-422-33771
E-poçta: acturkmenabat@americancouncilstm.org


Daşoguz Amerikan Burçy
Amerikan Burçynyň Wekili: Malika Ismailowa
Amerikada Bilim Almak Boýunça Maslahatçy: Manzura Allabergenowa
Amerikan Burçynyň Çärelerini Gurnaýan Koordinatory:
Salgysy: Daşoguz şäheri, Şagadam köçesi 6, Türkmenistan 746300
Tel/faks: 993-322-29259
E-poçta: acdashoguz@americancouncilstm.org


Mary Amerikan Burçy
Amerikan Burçynyň Wekili: Albina Buraşnikowa
Amerikada Bilim Almak Boýunça Maslahatçy: Güljahan Tursunowa
Amerikan Burçynyň Çärelerini Gurnaýan Koordinatory: Ýusup Agajanow
Salgysy: Mary şäheri, Agzybirlik köçesi – 42A, Türkmenistan 745400
Tel/faks: 993-522-73865/73979
E-poçta: acmary@americancouncilstm.org

Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasy

«FLEX» – ýokary synp mekdep okuwçylary üçin niýetlenen, ABŞ-nyň hökümedi tarapyndan maliýeleşdirilýän maksatnamadyr. Bäsleşigiň ýeňijileri okuw ýylynyň dowamynda kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we amerikanyň orta mekdeplerinde okamaga mümkinçilik alarlar.

Maksatnama gatnaşmaga isleg bildirýän ähli ýokary synp mekdep okuwçylary, ýaş talaplaryna laýyk gelýän, iňlis dilini gowy bilýän, mekdepde gowy okaýan, ABŞ-nyň wizasyny almak üçin ähli talaplara gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary bolmaly.

Bäsleşigiň saýlawy Waşington şäherinde, halkara bilim boýunça alyş-çalyş ugrunda işleýän ökde hünärmenler tarapyndan geçirilýär. Fiziki mümkinçiligi çäkli bolan okuwçylar hem maksatnama gatnaşyp bilerler.

«FLEX» maksatnamasy barada goşmaça maglumat almak üçin Amerikan Geňeşlikleriniň ofisine ýüz tutyp bilersiňiz:

Aşgabat ş, köç.Görogly 48а
Tel. (993-12) 36-90-16; (993-63) 50-20-36
Elektron salgysy: flex@americancouncilstm.org
http://americancouncilstm.org