All posts by

2026–2027 Okuw ýyly boýunça FLEX Maksatnamasynyň saýlawynyň netijeleri barada

Ähli ýeňijilere we alternatiw dalaşgärlere habar edildi.

Eger-de Size jaň etmedik bolsak, onda gynansak-da, bu Siziň saýlanmandygyňyzy aňladýar.
Sizi ýarym ýeňiji tapgyryna ýetendigiňiz bilen gutlaraýarys we bu maksatnama gatnaşanyňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris.
Geljek ýylda ýaş we synp talaplaryna laýyk gelseňiz, gaýtadan synanyşyp görmegiňizi maslahat berýäris.

Hünär aragatnaşyk ukyplaryny ösdürmek: Jessica Leonard bilen gepleşik sapaklary

C5+O.N.E. maksatnamasynyň goşmaça çäreleriniň çäklerinde, Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşlikleriniň Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Jessica Leonard bilen iki sany täsirli gepleşik sapagy geçirildi. Bu sapaklar onuň Aşgabat şäherine, ýagny Türkmenistana gelen soňky saparynyň dowamynda guraldy.

5-nji toparyň gatnaşyjylary “Hünär derejesinde tanyşlyk we hyzmatdaşlyk ussatlygyny ösdürmek” atly ýokary derejede interaktiw sapaklara gatnaşdylar. Bu sapaklar gatnaşyjylaryň hünär gurşawynda özüne bolan ynamyny we aragatnaşyk ukyplaryny ösdürmek maksady bilen taýýarlanyldy. Şeýle hem olar gatnaşyjylara özlerini täsirli tanatmak we hünär gatnaşyklaryny gurmak üçin maslahatlar berdi.

Continue reading Hünär aragatnaşyk ukyplaryny ösdürmek: Jessica Leonard bilen gepleşik sapaklary

C5+O.N.E. maksatnamasynyň 5-nji toparynyň Milli Tanyşlyk we hyzmatdaşlyk gurmak çäresi, Türkmenistanda hünär hyzmatdaşlygyny ösdürýär

2026-njy ýylyň 21-nji fewralynda C5+O.N.E. (Opening Networks Through English) maksatnamasynyň 5-nji topary üçin, Aşgabat şäherinde Milli Tanyşlyk we hyzmatdaşlyk gurmak çäresi (National Networking event) geçirildi. Bu çärä toparyň gatnaşyjylaryny, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wekillerini hem-de maksatnamanyň ýolbaşçylaryny öz içine alýan takmynan 50-ä golaý adam gatnaşdy. Çäre amaly öwrenişe, hünär alyş-çalyşyna we aragatnaşyk gurmaga bagyşlandy.


Çäre, ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň Medeniýet bölüminiň attaşesi Daniel Riffle-iň gutlag sözleri bilen açyldy, soňra maksatnamanyň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Çykyş edenler iňlis dili boýunça maksatnamalaryň hünär mümkinçiliklerini güýçlendirmekde, dürli pudaklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem-de ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň umumy ileri tutulýan ugurlaryny öňe sürmekde möhüm strategiki ähmiýetini bellediler. Şeýle hem C5+O.N.E. maksatnamasynyň hyzmatdaşlygynyň giň pudaklary, hyzmatdaşlygyň we özara gatnaşygyň berk esaslary we ABŞ-nyň 250 ýyllyk baýramçylygynyň möhüm möhüm tapgyry barada bellenilip geçildi, bu bolsa hyzmatdaşlygyň dowamly esaslaryny we özara gatnaşyklaryň berkligini görkezýär.

Continue reading C5+O.N.E. maksatnamasynyň 5-nji toparynyň Milli Tanyşlyk we hyzmatdaşlyk gurmak çäresi, Türkmenistanda hünär hyzmatdaşlygyny ösdürýär