TOEFL

2016-2017 ÝYLLAR ARALYGYNDA TÜRKMENISTANDA TESTLERIŇ GEÇIŞ SENELERI

TOEFL (TEST OF ENGLISH AS A SECOND LANGUAGE)
Şu aşakdaky saýtda kredit karta boýunça onlaýn bellige alyş mümkindir:
www.ets.org/toefl
Testiň tölegi: $170

Testleriň senesi Poçta boýunça bellige alyş möhleti Onlaýn bellige alyşyň möhleti
15-nji oktýabr, 2016 29-nji awgust, 2016 16-nji sentýabr, 2016
12-nji noýabr, 2016 26-nji sentýabr, 2016 14-nji oktýabr, 2016
07-nji ýanwar, 2017 14-nji noýabr, 2016 02-nji dekabr, 2016
01-nji aprel, 2017 13-nji fewral, 2017 03-nji mart, 2017

 

TOEFL (Test of English as a Foreign Language, daşary yurt dili hökmünde iňlis dili biliminiň testi) iňlis dili boýunça iň bir giňden yayran testleriň biri bolup durýar, ol 9000-den gowrak kollejlerde, Awstraliýa, Kanada, Beýik Britaniýa hem-de ABŞ ýaly 130-dan gowrak ýurtlaryň uniwersitetlerinde we okuw guramalarynda kabul edilen. Siz nirede okamaga isleg bildirseňiz-de, TOEFL size şol ýere okuwa ýerleşmäge kömek eder.

TOEFL testiniň dowamlylygy 2 sagat 25 minut. Synag indiki bölümlerden ybarat:

Audirlemek

50 sorag

35 min

Grammatika

40 sorag

25 min

Okaýyş

50 sorag

55 min

Esse

1 sorag

30 min

TOEFL synagyny tabşyrmak üçin nähili bellige alynýar?

  • http://www.ets.org/toefl/pbt/about saýtyna girmeli
  • Soňra testi tabşyrmak üçin bellige alyş müminçiligini berýän sahypa açylar REGISTER FOR THE TEST
  • Indiki sahypada hem REGISTER saylamaly
  • SELECT A TEST CENTER sahypasynda Aşgabat şäherindäki P540 belgili test merkezi “Türkmenistan” saýlamaly
  • Soňra anketany doldurmaly (ýagny F.A.A.a., salgy, poçta indeksi we ş.m.)
  • Kredit kartyň kömegi bilen tölemek*.

*Amerikan Geňeşi ýa-da Okuw maslahat merkezi TOEFL synagyna hasaba durmak üçin tölegi amala aşyrmaýar. Siziň ýerli ýa-da halkara bank hasabyňyz bolmaly.

TOEFL nähili bahalandyrylýar?

TOEFL 310-dan (min) 677 (maks) bal aralygynda bahalandyrylýar.

Başarnyk/Bölüm

Ballar

Audirleme

31-den 68

Grammatika

31-den 68

Okaýyş

31-den 67

Umumy bal

310-dan 677

TWE (Ýazuw) – bu esse (düzme) ýazmak, bu bölümde ballar TOEFL-dan aýratynlykda, 1-den 6 bal aralygyndaky şkala boýunça sanalýar.

TOEFL-iň bahasy näçe?

TOEFL-iň (PBT) (kagyz görnüşiniň) bahasy $170.

Giçki hasaba durmak ýok.

TOEFL-iň netijelerini nädip ibermeli?

Özüňiziň TOEFL netijeleriňizi uniwersitetlere we kollejlere mugt ibermek mümkinçiliginden peýdalanmak üçin siziň öz ýanyňyz bilen tesirlemä getirýän giriş petegiňiziň (Admission Ticket) yzky tarapynda olaryň kodlaryny görkezmeli. Uniwersitetleriň/kollejleriň 4 sanysyny mugtuna ýazmak rugsat edilýär.

Her bir amerikan okuw guramasynyň, şu web-saýtda aňsatlyk bilen tapyp bolýan, öz kody bar (faýly PDF formatda ýükläň ýa-da EAC koordinatorlaryndan haýyş ediň): http://www.toeflgoanywhere.org/univ0708.pdf

Şeýle hem bolsa, ýazyp görkezilen 4 sany uniwersitetlerden ýa-da kollejlerden başga goşmaça ABŞ-daky okuw guramalaryna ibermek üçin goşmaça $19 tölegi tölemek bilen, siz TOEFL netijeleri barada goşmaça hasabatlary buýurup bilersiňiz.

Magistratura we doktorantura programmalary üçin TOEFL testini tabşyrýanlar, şu ssylka boýunça tapyp bolýan bölümleriň kodlaryny görkezmeli: https://www.ets.org/s/toefl/pdf/PBT_dept_code_list.pdf

Siz öz TOEFL boýunça netijeleriňizi synag geçirilen gününden takmynan 2 aýyň dowamynda alarsyňyz. Emma amerikan kollejleri we uniwersitetleri siziň TOEFL boýunça netijeleriňizi has ir alarlar.

Doly maglumat üçin şu aşakdaky salgylar boýunça ýüz tutup bilersiňiz:
Görogly köçesi, 48/A jaý, Aşgabat ş., Turkmenistan
Tel./Fax: (993) (12) 36-90-16/21/22 (goş.116)
E-poçta:  eac@americancouncilstm.org