7-nji sentýabrdan 10-njy sentýabr aralygynda Türkmenistandaky FLEX uçurymlarynyň koordinatory Yelena Gareýewa’08, Türkmenabat Amerikan burçunda 13 gatnaşyjy bilen “Duýgy intellekti” atly seminary gurnady. Seminar, guramaçynyň “FLEX-başarnygy” seminarynda alan teoretiki we amaly maşklaryny öz içine aldy. Mowzuklar esasan hem işjeň hereket etmek, pikirlenmek we gürlemek, şeýle hem öz-özüňi tanamak düşünjesi, pikir ýalňyşlyklary, ünsli diňlemek we gatnaşmak, stres dolandyrylyşy, gorky, alada we howsala düşmek hüjümlerini tapawutlandyrmakdan ybaratdy.
Gatnaşyjylar dem almak, meditasiýa, ümsüm bolmak, meditasiýa aýdymlaryny diňlemek, minnetdarlyk sanawyny ýazmak, duýgularyny ýazmak ýaly amaly maşklara ýerine ýetirdiler. Seminaryň dowamynda birnäçe toparlaýyn tejribe, wideo (TEDed, TEDTalks) we oýunlar hem görkezildi.Seminara myhaman hökmünde çagyrylan Maral Jumadurdiýewa’12 we Türkmenabat Amerikan burçunyň işjeň meýletinçisi Wepa Hudaýberdiýew çeýeligi, stres dolandyryşyny, medeni täsiri, iş we gündelik durmuşyndaky endikleri ulanmak tejribelerini paýlaşdylar. Netijede, seminara işjeň gatnaşandygy üçin gatnaşyjylara streslere garşy-pazllar gowşuryldy.
“Duýgy dünýäsini ösdürmek” baradaky seminar gatnaşyjylar tarapyndan ýokary baha aldy, sebäbi olaryň her biri emosional kynçylyklary barada gürleşmek üçin we geljekde şuňa meňzeş mowzuk boýunça başga bir seminar baradaky soraglar bilen Ýelena ýüz tutdylar.