FLEX bäsleşigi 2022 barada maglumat


FLEX maksatnamasynyň gatnaşyjylaryna Bellik

Waşingtondaky Amerikan Geňeşlikleri, ikinji tapgyra geçen okuwçylaryň telefon arkaly geçirilen iňlis dili bilim derejesiniň barlagyny bahalandyrýarlar. Welaýatda ýaşaýan okuwçylaryň barlag netijeleri fewral aýynda we Aşgabat şäherinde ýaşaýan okuwçylaryňky mart aýynda belli bolar. 3-nji tapgyra geçen ähli okuwçylara telefon arkaly habar beriler we el.poçtasyna soňky tapgyr barada maglumatlar ugradylar. 3-nji tapgyra geçmedik okuwçylara el.poçta arkaly habar beriler.



Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin ABŞ-da bir ýyllyk okuw!

Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşlikleri ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2022-nji ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi barada habar berýär. Bäsleşigiň ýeňijileri 2023-2024-nji okuw ýylynyň dowamynda kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we ABŞ-nyň orta mekdeplerinde okamaga mümkinçilik alarlar. Gitmek-gelmek we ABŞ-da ýaşamak bilen bagly bolan ähli harajatlary ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýän «FLEX» maksatnamasy dolulygyna öz üstüne alýar. Fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçylar hem bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar. «FLEX» maksatnamasyna 300-den gowrak fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçy gatnaşdy we olaryň alty sanysy Türkmenistanyň raýatydyr.

«FLEX» maksatnamasy aşakdaky talaplara laýyk gelýän ähli okuwçylar üçin açykdyr:

2005-nji ýylyň 15-nji marty – 2007-nji ýylyň 31-nji maýy aralygynda doglan okuwçylar; 11-nji synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler;
• Soňky bäş ýylyň içinde ABŞ-da üç aýdan köp ýaşamadyk;
• Iňlis dilinde gowy gürleýän;
• Häzirki wagtda orta mekdepde okaýan we mekdepdäki okuw ýetişigi gowy bolan;
• ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýan;
• Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Amerikan geňeşlikleriniň websahypasynyň FLEX bölüminde 1-nji tapgyr üçin Gyzyklanma Formasyny dolduryň, ýazylyşyk 2022-nji ýylyň 16-njy noýabrdan başlap 14-nji dekabr aralygynda açyk bolar.

Formany açyp bilmeseňiz +993-63-50-20-36 telefon belgisi arkaly Amerikan geňeşliklerine ýüz tutyň.
https://americancouncilstm.org/flex/

Bäsleşigiň rejesi 2022:

1-nji Tapgyr Gyzyklanma Formasy Noýabr 16, 2022 Dekabr 14, 2022
 2-nji Tapgyr

 

Iňlis dili bilim derejesini barlamak telefon arkaly*

(Talaba laýyk gelýän we Gyzyklanma formasyny dolduran ähli okuwçylaryň iňlis dili bilim derejesini barlamak üçin “FLEX” maksatnamasynyň wekili okuwçylar bilen 5-7 minutlap gürleşerler)

Dekabr 15, 2022 – Ýanwar 9, 2023

Goşmaça maglumat üçin habarlaşyp bilersiňiz:
Tel: (+99312) 36-90-16; (+99363) 50-20-36;
El.poçta: flex.tm@americancouncils.org;
websahypa: https://americancouncilstm.org/flex