2024-2025 okuw ýyly üçin FLEX maksatnamasynyň bäsleşigi
2024-2025 okuw ýyly üçin FLEX maksatnamasynyň bäsleşigine gatnaşmaga aşakdaky talaplara laýyk gelýän ýokary synp mekdep okuwçylary çagyrylýar:
• 2006-njy ýylyň mart aýynyň 15-den 2008-nji ýylyň maý aýynyň 31-i aralygynda doglan okuwçylar gatnaşyp bilýärler. Möhüm: 11-nji synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler.
• Häzirki wagtda mekdepde okaýan we mekdep ýetişigi gowy bolan okuwçylar;
• Iňlis dilini gowy bilýän;
•ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýan;
•Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar.
Eger-de siz bäsleşigiň talaplaryna laýyk gelýän bolsaňyz we bäsleşigiň haçan başlaýandygy barada maglumat almak isleýän bolsaňyz onda, aşakdaky soragnamany dolduryň:
Goşmaça maglumat almak üçin +993-63-50-20-36 ýa-da +993-12-36-90-16 belgiler arkaly biz bilen habarlaşyp bilersiňiz.
Goşmaça maglumat üçin habarlaşyp bilersiňiz:
Tel: (+99312) 36-90-16; (+99363) 50-20-36;
El.poçta: flex.tm@americancouncils.org;
websahypa: https://americancouncilstm.org/flex