FLEX bäsleşigi 2023 barada maglumat


2024-2025 okuw ýyly üçin FLEX maksatnamasynyň bäsleşigi

2024-2025 okuw ýyly üçin FLEX maksatnamasynyň bäsleşigine gatnaşmaga aşakdaky talaplara laýyk gelýän ýokary synp mekdep okuwçylary çagyrylýar:
2006-njy ýylyň mart aýynyň 15-den 2008-nji ýylyň maý aýynyň 31-i aralygynda doglan okuwçylar gatnaşyp bilýärler. Möhüm: 11-nji synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler.
• Häzirki wagtda mekdepde okaýan we mekdep ýetişigi gowy bolan okuwçylar;
• Iňlis dilini gowy bilýän;
•ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýan;
•Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar.


Synaglaryň rejesi

Bäsleşigiň geçirilýän ýeri Güni Wagty Mekdebi
Türkmenbaşy, Balkan welaýaty 15-nji oktýabr, 2023 09:00 Mekdep № 10, Türkmenbaşy ş.
Balkanabat, Balkan welaýaty 22-nji oktýabr, 2023 09:00 Mekdep № 3,Balkanabat ş.
Daşoguz, Daşoguz welaýaty 29-njy oktýabr, 2023 09:00 Mekdep № 2, Daşoguz ş.
Mary, Mary welaýaty 5-nji noýabr, 2023 09:00 Mekdep № 19, Mary ş.
Türkmenabat, Lebap welaýaty 12- nji noýabr, 2023 09:00 Mekdep № 2, Türkmenabat ş.
Aşgabat, Ahal welaýaty 26-njy noýabr, 2023 09:00 Мekdep № 20, Aşgabat ş.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren okuwçylar ýany bilen hőkmany ýagdaýda dogluş hakyndaky şahadatanamasynyň asyl nusgasyny ýa-da pasportyny, ýakynda düşülen 3×4 ölçegli bir fotosurat, ruçka we synaglara hökmany ýagdaýda mekdep lybasynda gelmeli.

*Öz şäherinde «FLEX» maksatnamasyna gatnaşyp bilmedik okuwçylar Aşgabat şäherinde geçiriljek «FLEX» maksatnamasynyň 1-nji tapgyryna gatnaşyp bilerler, ýöne bäsleşigiň 1-nji tapgyryna ýylda bir gezek gatnaşmaklyga rugsat edilýär.


Goşmaça maglumat üçin habarlaşyp bilersiňiz:

Tel: (+99312) 36-90-16; (+99363) 50-20-36;
El.poçta: flex.tm@americancouncils.org;
websahypa: https://americancouncilstm.org/flex