FLEX maksatnamasynyň uçurymlary Ýelena Gareýewa’08 we Ýazjemal Nuryýewa’08 ýaşlaryň mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilen uzak möhletli taslamany ýola goýdular. Hünär derejesini ösdürýän seminarlary we özara utgaşmaklygy hödürleýän bu jemgyýetçilik taslamasy türkmen ýaşlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe. Esasy maksatlaryň biri hem bilelikde okamaga, paýlaşmaga we ösmäge ymtylýan hünarmenleriň aýratyn jemgyýetini birikdirmek we ösdürmek. Bu taslama Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşlikleri we Türkmenistandaky ABŞ-nyň Ilçihanasy tarapyndan goldanylýar. Sapaklar Amerikan merkezinde geçirilýär we ABŞ-nyň Ilçihanasynyň sanly ulgam sahypalarynda mahabatlandyrylýar.
2022-nji ýylyň oktýabr aýyndan başlap, işewürlik, metbugat, informatika tehnologiýasy, medeniýet, täjirçilik we bilim ýaly dürli ulgamlardan meşhur myhmanlaryň çykyş etmeginde 12 sany sessiýa geçirildi. Taslamany dolandyrmak, köpçüligiň öňünde çykyş etmek endikleri, Google gurallaryny netijeli ulanmak, iş tejribesine baha beriş synagy, Türkmenistanda erkin söwda mümkinçilikleri, çörek bişirýän kärhananyň eýesi we saç dikeldiş önümini oýlap tapyjy bilen duşuşyk ýaly birnäçe sessiýalar geçirildi. FLEX uçurymlary hem çykyş ediji, myhman we gatnaşyjy hökmünde işjeň gatnaşdylar. Mysal üçin, Maral Saparowa’06 “Öňdebaryjy halkara nebit kompaniýalarynda 15+ ýyllyk tejribe” atly mowzugy bilen çykyş etdi, Ilýas Seýisow’09 öz hünari boýunça “ Nädip websahypa düzmeli:Doly gollanma” bilen çykyş etdi we Maral Jumadurdyýewa’12 – Fulbright TEA 2023 maksatnamasynyň uçurymy özüniň soňky tejribesindäki “ ABŞ-da hünär ösüşi” baradaky gözlegleri barada gürrüň berdi.
Her sessiýa iki bölekden ybarat: okuw bölümi, bu ýerde hünärmenler we tejribeli çykyş edijiler amaly bilimleri we tejribeleri bilen paýlaşýarlar, ikinji bölümde gatnaşyjylar biri-biri bilen tanyşýarlar, oýun oýnaýarlar we şatlanýarlar. Bu taslamanyň netijesinde, utgaşma sessiýalarynda birnäçe gatnaşyjy özleriniň iş berijilerini we müşderilerini tapdy. Taslama üstünlikli hasaplanýar, sebäbi her sessiýa ortaça 45 adam gatnaşýar we 350-den gowrak adam LinkedIn-de Ýaş Hünärmenleriň Jemgyýeti torunyň (Türkmenistan) resmi sahypasyna ýazyldy.
Netijede, Ýaş Hünärmenleriň Jemgyýeti ýaşlara diňe bir bar bolan hünär endiklerini ulanmaga däl-de, eýsem olary ösdürmäge we täzelerini öwrenmäge mümkinçilik berýär. Ylham berýän hünärmenler bilen sapaklar we söhbetdeşlikler arkaly ýaş gatnaşyjylar özleri üçin täze okuw mümkinçiliklerini açýarlar. Ýazjemal Nuryýewa’08 we Ýelena Gareýewa’08 bu ulgamy döretmek bilen, diňe ýaş hünärmenlere işinde üstünlik gazanmak üçin zerur bolan hünärleri öwretmek bilen çäklenmän, eýsem olaryň jemgyýete oňyn üýtgeşmeler girizjekdigine we üstünlikli täsir etjekdigine tüýs ýürekden ynanýarlar.