Tag Archives: contest

Türkmenistanda 2021-nji ýylda FLEX Minnetdarlyk günini bellemek!

2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 4-ne FLEX 2021 Minnetdarlyk güni mynasybetli FLEX uçurymlarynyň Koordinatory çagalar üçin bäsleşik gurnady. Netijede 12 sany çaga bäsleşige gatnaşdy we FLEX nyşanyny döredijilikli reňklediler. Ýeňijiler FLEX maksatnamasynyň doglan gününde, ýagny sentýabr aýynyň 27-de yglan edildi we şol gün onlaýn baýramçylyk gurnaldy.


Türkmenistandan 34 sany FLEX uçurymy FLEX minnetdarlyk gününi bellemäge gyzyklanma bildirdiler we çäreniň dowamynda özara gürleşmäge, tejribelerini paýlaşmaga we  FLEX maksatnamasyna minnetdarlyk bildirmäge mümkinçilik aldylar. Amerikan Burçlarynyň wekilleriniň gurnan oýunlary we çykyşlary çärä şowhun we gyzyklanma gatdy. Kristina Fateýewa FLEX uçurymy’07: “Bu ajaýyp çäreni gurnanyňyz üçin köp sag boluň. Men gaty haladym we FLEX  maksatnamasyna minnetdarlyk bildirýärin”.

Uçurymlara esasan hem “Suratdaky çaganyň Kimdigini Anykla” oýny ýarady, olar oýnyň dowamynda birek-biregiň çagalyk suratlaryndan kimiň-kimdigini tanamaga çalyşdylar. Çäreniň ahyrynda uçurymlar lotereýa oýnuna gatnaşdylar we FLEX maksatnamasynyň nyşany bolan ýadygärlik utuşlara eýe boldular.