Category Archives: News

FLEX maksatnamasynyň 25 ýyllygy

Noýabr aýynyň 3-ne Amerikan Geňeşlikleri FLEX maksatnamasynyň 25 ýyllygy mynasybetli maksatnamanyň 20 sany uly uçurymlary üçin ABŞ-nyň ilçihanasynyň Medeniýet bölüminiň müdiriniň öýünde duşuşyk gurnady. Myhmanlaryň arasynda Amerikan Geňeşlikleriniň we ABŞ-nyň ilçihanasynyň wekilleri bardy.

Duşuşygyň başynda Amerikan Geňeşlikleriniň direktory Toni Taşew FLEX maksatnamasynyň Türkmenistandaky täsiri barada we uçurymlaryň ýeten sepgitleri barada çykyş etdi.

ABŞ-nyň ilçihanasynyň medeniýet bölüminiň wekili Sara Belousow hem uçurymlary garşy aldy we ilçihananyň uçurymlar üçin döredýän mümkinçilikleri barada tanyş etdi.

FLEX maksatnamasynyň koordinatory Tatýana Kopytowa uçurymlary ýurdumyzda meýletinçiler ruhyny ýaýratmaga çagyrdy. Duşuşygyň dowamynda uçurymlar dürli oýunlar oýnadylar.

Soňunda FLEX maksatnamasynyň uçurymlarynyň koordinatory utuşly lotereýa paýlady we uçurymlaryň bäş sanysy ýadygärlik sowgat gazandylar. Baýramçylyk süýjilik torty we FLEX maksatnamasyna öwgüli sözler bilen jemlendi.

FLEX 2018-19 NETIJELERI!

Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri, FLEX maksatnamasynyň 2018-2019 ýyllar ýeňijileriň sanawyny yglan etmäne buýsanýar.

ÝEŇIJILER
Familiýasy Ady Atasynyň ady Şäheri / Mekdebil #
Amanowa Aýlara Dmitriýewna Aşgabat, 64
Aşyrow Gündogdy Allanazarowiç Änew, 16
Aşyrow Ahmet Nurmuhamedowiç Änew, 16
Eýmirow Döwran Amanýazowiç Türkmenbaşy, 14
Hydyrowa Amangül Myratgeldiyewna Balkanabat, 1
Jumaýew Oguzhan Serdar ogly Aşgabat, 75
Karaýewa Aýa Wýaçeslawowna Aşgabat, 41
Kerimowa Jasmina Muzafarowna Türkmenabat, 11
Krawets Anastasiýa Igorewna Balkanabat, 1
Kutlumuradowa Maftuna Azamatowna Daşoguz, 10
Mämmedowa Maral Baýramgeldiýewna Mary,18
Rejepowa Leýli Rejepowna Türkmenbaşy, 13
Seýidow Ýusup Osmanowiç Mary, 24
Stolbennikow Wladimir Andreýewiç Mary, 22
Tolegowa Jeren Baýramowna Türkmenabat,2
Alternatiw derejedäki okuwçylar
Abdyýewa Aýjemal Olegowna Aşgabat, Rus-Tür
Aruşanowa Elina Awagimowna Aşgabat, 60
Ataýewa Leýla Şaguliýewna Türkmenbaşy, 14
Baýramowa Zarina Baýramowna Serdar, 3
Hasanowa Sewara Ikramowna Daşoguz, 10
Hojalyýew Gowşut Orazmuhammedowiç oba Türkmenbaşy, 1
Klyçewa Aýna Joraýewna Türkmenabat, 11
Kuliýew Merdan Astanberdiýewiç Kerki, 7
Kurbanow Kemal Ezizowiç Türkmenbaşy, 14
Muhammedow Daýanç Merdanowiç Aşgabat, 41

FLEX maksatnamasynyň geçirilişi Türkmenistanda-da dowam edýär. Türkmenistan boýunça 438 okuwçy bäsleşige gatnaşdylar.

Bu bäsleşigiň ýeňijilerine Amerikan maşgalasynda ýaşamak, Amerikan orta mekdeplerinde 2018-2019 ýyllar aralygynda okamak mümkinçilikleri berilyär.
FLEX maksatnamasy gatnaşyjylarynyň ýaşaýan ýerlerinden ABŞ-da boljak ýerlerine çenli gitmegi we yzyna gaýdyp gelmegi bilen bagly çykdaýjylaryny öz üstüne alýar, şeýle hem talyp hakyny berýär. ABŞ-nyň hökümedi FLEX maksatnamasyna ýolbaşçylyk edýär we oňa doly ýardam berýär. FLEX maksatnamasy onuň talaplaryna gabat gelýän ähli mekdep okuwçylary we fiziki mümkinçiligi çäkli okuwçylar üçin hem açykdyr. Şu maksatnamanyň döredilen gününden bäri, oňa jemi 300-den gowrak fiziki mümkinçiligi çäkli bolan okuwçy gatnaşyp, şolaryň 6-sy Türkmenistandan.

Indiki 2019-2020 ýyllar aralygynda geçiriljek FLEX maksatnamasy 2018-njy ýylyň güýz aýynda Türkmenistanyň Bilim Ministrligi arkaly tassyklanandan soňra başlar. Mekdep okuwçylary, mugallymlary we ene-atalar bäsleşik barada doly maglumaty, talaplary hem-de fiziki mümkinçiligi çäkli çagalar üçin ýörite test mümkinçilikleri barada 2018-nji ýylyň awgust aýynda biziň web-sahypamyzdan ýa-da ýakyn Amerikan merkezlerinden alyp bilerler.

Ýeňijileri ýene-de bir sapar gutlaýarys we olara bir ýylyň dowamynda wagtlaryny gyzykly hem-de täsirli geçirmeklerini arzuw edýäris. FLEX 2019-2020 maksatnamasynyň gatnaşyjylaryna hem üstünlik arzuw edýäris!