Tag Archives: testing

FLEX bäsleşigi 2021 barada maglumat

2021-nji ýyldaky FLEX onlaýn synagynyň talaplary barada giňişleýin maglumat almak üçin aşakdaky linke basyň:

http://americancouncilstm.org/news/information-about-flex-testing-in-2021/

FLEX maksatnamasynyň ähli talaplaryna laýyk gelýän bolsaňyz we gatnaşmaga isleg bildirýän bolsaňyz, onda aşakdaky Gyzyklanma soragnamasyny dolduryň :

https://forms.gle/oXni9urKSdgEiUjK9

Üns beriň: Bu soragnama FLEX testi DÄL, bu siziň maksatnama gatnaşmaga isleg bildirýändigiňizi görkezýär. FLEX bäsleşigi tassyklanandan soň, biz siz bilen habarlaşarys.

2020-2021 TOEFL TESTING DATES IN TURKMENISTAN

Dear Test Takers,
Our top priority is the health and safety of all test takers and assisting personnel. Below are tentative test dates
for Turkmenisan which may change depending on public health restrictions. Please check the status of the test dates
on our website regularly for possible cancellations.

TOEFL (TEST OF ENGLISH AS A SECOND LANGUAGE)
Register online with a credit card at: www.ets.org/toefl

Note: American Councils will receive your unofficial score results ONLY if you write our institution code
(3784) during online registration. Please see below TOEFL test rules regarding receiving unofficial scores.

Test Dates

  • October 10, 2020
  • November 14, 2020
  • February 13, 2021
  • April 10, 2021

TOEFL TEST RULES

1. American Councils will receive unofficial score results only if you write our institution code (3784) on your TOEFL answer sheets during online registration. The result will be available after 3 weeks
from the test date.

2. To learn your unofficial score result, you are required to come with your passport to American Councils office.

3. Test takers from the regions ONLY (not from Ashgabat!!) will be able to learn their score result over the phone (993) (12) 36-90-16/21/22, if test takers can provide the following information needed:
a. Registration number
b. Date of birth
c. Mailing address they provided during registration

4. American Councils only administers the test and will NOT be able to provide any letter to certify any scores.
5. It is up to the test taker alone to get their official score from ETS.

FLEX Maksatnamasynyň Synaglary Açyk!


Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri FLEX maksatnamasynyň 2018-19-njy okuw ýyly üçin açylanlygy barada buysanç bilen habar berýär! Pursatdan peýdalanyp Türkmenistanyň Bilim Ministrligine we Türkmenistanyň Daşary işler Ministrligine maksatnamany gurnamak boýunça berýän goldawlary üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris. Şeýle hem Amerikan Geňeşlikleri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümetine FLEX maksatnamasyny dolulygyna maliýeleşdirýänligi üçin köp sag bolsun aýdýar. Bäsleşige gatnaşjaklara uly üstünlik arzuw edýäris!

2018 –2019-njy okuw ýyly üçin “FLEX” maksatnamasynyň mekdeplerde geçiriljek bäsleşiginiň tertipnamasy:

Şäheriň ady Senesi Wagty Mekdep
Daşoguz, Daşoguz welaýaty 2-nji dekabr 9:00 2-nji mekdep, Daşoguz şäherinde
Mary, Mary welaýaty 9-njy dekabr 9:00 19-njy mekdep, Mary şäherinde
Türkmenabat, Lebap welaýaty 16-njy dekabr 9:00 2-nji mekdep, Türkmenabat şäherinde
Türkmenbaşy, Balkan welaýaty 6-njy ýanwar 9:00 10-njy mekdep,Türkmenbaşy şäherinde
Balkanabat, Balkan welaýaty 13-nji ýanwar 9:00 3-nji mekdep , Balkanabat şäherinde
Tejen, Ahal welaýaty* 20-nji ýanwar 9:00 3-nji mekdep, Tejen şäherinde
Aşgabat şäheri** 27-nji ýanwar 9:00 20-nji mekdep, Aşgabat şäherinde

*Ahal welaýatynyň okuwçylary özlerine has amatly bolan ýerde, ýagny Tejen ýa-da Aşgabat şäherinde geçiriljek bäsleşige gatnaşyp bilerler

**Öz şäherinde FLEX maksatnamasyna gatnaşyp bilmedik okuwçylar Aşgabat şäherinde geçiriljek FLEX maksatnamasynyň 1-nji tapgyryna gatnaşyp bilerler, ýöne bäsleşigiň 1-nji tapgyryna ýylda bir gezek gatnaşmaklyk rugsat edilýär.

Bäsleşik aşakdaky talaplara gabat gelýän ähli ýokary synp okuwçylary üçin açykdyr:

  • 2001-nji ýylyň mart aýynyň 15-den 2003-nji ýylyň maý aýynyň 31-i aralygynda doglan okuwçylar gatnaşyp bilýärler; ýöne 11-nji synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler;
  • soňky bäş ýylyň içinde ABŞ-da üç aýdan köp ýaşamadyk;
  • iňlis dilini gowy bilýän;
  • soňky bäş ýylyň içinde ABŞ-da üç aýdan köp ýaşamadyk;
  • Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän okuwçylar öz ýany bilen:

  • dogluş hakyndaky şahadatnamasyny ýa-da pasportyny (resmi nusgasy);
  • bir surat (3×4 ölçegli);
  • ruçka ;
  • synaglara mekdep lybasynda gelmelidirler.

Bäsleşik 3 tapgyrdan ybarat: okuwçynyň iňlis dili bilimini barlaýan 15 minutlyk umumy test (1-nji tapgyr),  Iňlis dilinde düzme ýazmak (2nji tapgyr),  Iňlis dilinde test, düzme ýazmak hem-de söhbetdeşlik (3-nji tapgyr).

Synaglar Amerikan Geňeşlikleriniň wekilleri tarapyndan Türkmenistanyň bäş welaýatynda hem geçiriler.

FLEX maksatnamasy Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylaryna alyş-çalyş mümkinçiligini hödürleýän maksatnama bolup, ABŞ-da 2019-2020-njy okuw ýylynyň dowamynda bilim almaga mümkinçilik berýär.  Maksatnama gatnaşyjylaryny öýlerinden ABŞ-da boljak ýerlerine çenli gitmeklige we yzyna gaýdyp gelmekligi üçin ähli harajatlary öz üstüne alýar, şeýle hem gatnaşyjylara talyp haklary berilýär.

Bäsleşige gatnaşyjylar amerikan maşgalasynda ýaşamak, mekdeplerinde okamak we sapakdan daşary işlere gatnaşmak bilen ABŞ hakynda giňişleýin öwrenerler.  Şeýle hem maksatnama gatnaşyjylary kabul edýän guramalar we ýerli birleşikler tarapyndan geçirilýän çärelerine gatnaşyp bilerler, şeýlelik bilen olara amerikanlylary öz ýurdynyň medeniýeti bilen tanyşdyrmaga mümkinçilikler beriler.

Maksatnama gatnaşyjylar ABŞ-da bilim ugrynda işleýän ökde hünärmenler tarapyndan saýlanylýarlar.  Saýlaw  açyk bäsleşigiň, söhbetleşigiň, hödürnamanyň we iňlis dili bilimini barlaýan testirlemeleriň netijesi we okuwçynyň ABŞ-da bir ýylyň dowamynda ýaşamaga bolan ukyby boýunça geçirilýär.

Bu maksatnama ähli okuwçylar üçin we şol sanda fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçylar üçin hem açykdyr. Eýýäm 300-den gowrak fiziki mümkinçiligi çäkli bolan okuwçylar şu maksatnama gatnaşdylar we ABŞ-da bilim aldylar.

Siziň welaýatyňyzda geçiriljek bäsleşik barada doly maglumat üçin Halkara Bilim boyunça Amerikan Geňeşlikleriniň ofisine ýüz tutyp bilersiňiz
Görogly köçesi 48a
Telefon/Fax: +99312  36-90-16/21; +99363 50-20-36

Email: flex@americancouncilstm.org
http://americancouncilstm.org