Category Archives: Flex

FLEX Maksatnamasynyn Uçurumlarynyň “Re-entry” Çäresi

Iýul aýynyň 7-sine FLEX maksatnamasynyň 14 sany ýaş uçurymlary üçin “Re-entry” çäreleri ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölüminiň Amerikan merkezinde geçirildi. Täze uçurymlary ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu S. Klimow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekili Mergen Säherow we Bilim ministrliginiň wekili Döwlet Ýazgulyýew garşyladylar. Myhmanlar, täze uçurymlaryň Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky medeniýet “köprüsi” bolup geljekde hem iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklary berkleşdirjegine ynam bildirdiler.

Soňra FLEX maksatnamasynyň koordinatory, FLEX uçurymlarynyň koordinatory we ýerli wekiller uçurymlara täzeden öz öýüne we durmuşyna uýgunlaşmaga kömek etjek interaktiw okuwlary geçirdiler.

Okuwyň dowamynda uçurymlar ýüze çykan soraglaryna soramaga, ABŞ-daky alan tejribelerini paýlaşmaga mümkinçilik aldylar we uçurymlaryň Türkmenistandaky mümkinçilikleri barada gyzyklandylar. Soňunda uçurymlar ABŞ-daky dostlaryna, kabul eden maşgalalaryna “Minnetdarlyk” kartoçkasyny doldurdylar.

Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasy

«FLEX» – ýokary synp mekdep okuwçylary üçin niýetlenen, ABŞ-nyň hökümedi tarapyndan maliýeleşdirilýän maksatnamadyr. Bäsleşigiň ýeňijileri okuw ýylynyň dowamynda kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we amerikanyň orta mekdeplerinde okamaga mümkinçilik alarlar.

Maksatnama gatnaşmaga isleg bildirýän ähli ýokary synp mekdep okuwçylary, ýaş talaplaryna laýyk gelýän, iňlis dilini gowy bilýän, mekdepde gowy okaýan, ABŞ-nyň wizasyny almak üçin ähli talaplara gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary bolmaly.

Bäsleşigiň saýlawy Waşington şäherinde, halkara bilim boýunça alyş-çalyş ugrunda işleýän ökde hünärmenler tarapyndan geçirilýär. Fiziki mümkinçiligi çäkli bolan okuwçylar hem maksatnama gatnaşyp bilerler.

«FLEX» maksatnamasy barada goşmaça maglumat almak üçin Amerikan Geňeşlikleriniň ofisine ýüz tutyp bilersiňiz:

Aşgabat ş, köç.Görogly 48а
Tel. (993-12) 36-90-16; (993-63) 50-20-36
Elektron salgysy: flex@americancouncilstm.org
https://americancouncilstm.org