Tag Archives: flex

Seminar “çalt okamagyň 7 usuly” FLEX Maksatnama Uçyrymlaryna uçin

Ýanwar aýynyň 25-ne 2020, Amerikan Geňeşlikleriniň Aşgabat ofisinde Ilýas Seisow FLEX maksatnamasynyň uçurymlary bilen “çalt okamagyň 7 usuly” barada seminar geçirdi.


Seminaryň dowamynda Ilýas kitap okamagyň dürli usullary ýagny, bölümleri gaýtalap okamakdan başlap, okalan kitaplaryň statistikasyny döretmeklik bilen tanyşdyrdy.


Uçurymlar öz alan bilimlerini, gurnalan oýunlara gatnaşyp berkitmäge mümkinçilik aldylar.Seminaryň soňunda her bir gatnaşyjy özi barada aýratyn pikirler we tejribelerini ösdürmek üçin haýsy kitaby okamalydygy barada maslahatlar aldylar.

FLEX alumni panel on September 12th 2019


On September 12th, seven FLEX alumni participated in an alumni panel to share their experience in U.S. Alumni discussed their host communities, host families, favorite extracurricular activities and American holiday celebrations. The attendees had a chance to ask questions about the program and how it affected exchange students’ life. The audience noted that each one of the alumni had very different, but equally fascinating experience throughout their stay in America.

There are many more FLEX experience presentations and other events coming up soon in Ashgabat and the regions. For the dates, please see American Center schedule or contact your local American Corner.

ÝOKARY SYNP MEKDEP OKUWÇYLARY ÜÇIN ABŞ-da BIR ÝYLLYK OKUW MAKSATNAMASY!

Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri ABŞ-nyň hökümedi tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2019-njy ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi barada habar berýär. Bäsleşigiň ýeňijileri 2020-2021-nji okuw ýylynyň dowamynda kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we amerikanyň orta mekdeplerinde okamaga mümkinçilik alarlar. Gitmek-gelmek we ABŞ-da ýaşamak bilen bagly bolan ähli harajatlary ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýän «FLEX» maksatnamasy dolulygyna öz üstüne alýar. Fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçylar hem bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar. «FLEX» maksatnamasyna 300-den gowrak fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçy gatnaşdy we olaryň 6-sy Türkmenistanyň raýatydyr.

«FLEX» maksatnamasynyň bäsleşigi aşakdaky talaplara gabat gelýän ähli ýokary synp okuwçylary üçin açykdyr:

  • 2002-nji ýylyň mart aýynyň 15-den 2004-nji ýylyň maý aýynyň 31-i aralygynda doglan okuwçylar gatnaşyp bilýärler; ýöne 11-nji  synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler;
  • Häzirki wagtda mekdepde okaýan we mekdepdäki ýetişigi gowy bolan;
  • Iňlis dilinde gowy gürleşmek we ýazmak ukyplaryna eýe bolan;
  • Soňky bäş ýylyň içinde ABŞ-da üç aýdan köp ýaşamadyk;
  • ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýan;
  • Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren okuwçylar ýany bilen hőkmany ýagdaýda dogluş hakyndaky şahadatanamasynyň asyl nusgasyny ýa-da pasportyny, 3×4 ölçegli bir fotosurat, ruçka getirmelidirler we synaglara hökmany ýagdaýda mekdep lybasynda gelmelidirler.

Bäsleşik merkezlerine gelen ähli okuwçylar, özlerini talaba laýyk, ýagny tertipli we sylaşykly alyp barmalydyrlar, okuwçy görkezilen düzgünleri berjaý etmedik ýagdaýynda, «FLEX» maksatnamasynyň bäsleşiginden çykarylyp bilner.

Test merkezlerinde öýjükli telefonlary ýa-da beýleki elektronik enjamlaryny (iPad, iPod, we ş.m.) ulanmak gadagandyr. Okuwçy ýokarda görkezilen enjamlary ýany bilen getiren ýagdaýynda, «FLEX»  maksatnamasynyň bäsleşiginden çykarylyp bilner.

Synagyň geçiriljek wagty

Türkmenbaşy, Balkan welaýaty

 

13- nji oktýabr

 

9:00 Мekdep № 10, ş.Türkmenbaşy

 

Balkanabat, Balkan welaýaty

 

20- nji oktýabr

 

9:00 Mekdep № 3, ş.Balkanabat
Daşoguz, Daşoguz welaýaty

 

27- nji oktýabr

 

9:00 Mekdep № 2, ş.Dashoguz
Türkmenabat, Lebap welaýaty

 

3- nji noýabr

 

9:00 Mekdep № 2, ş.Türkmenabat
Mary, Mary welaýaty

 

10- njy noýabr

 

9:00 Mekdep № 19, ş.Mary
Tejen, Ahal welaýaty

 

17- nji noýabr

 

9:00 Mekdep № 3, ş.Tejen
Aşgabat 24-nji noýabr

 

9:00 Mekdep № 20, ş. Aşgabat

*Ahal welaýatynyň okuwçylary özlerine has amatly bolan ýerde, ýagny Tejen ýa-da Aşgabat şäherinde geçiriljek bäsleşige gatnaşyp bilerler.

 **Öz şäherinde «FLEX» maksatnamasyna gatnaşyp bilmedik okuwçylar Aşgabat şäherinde geçiriljek «FLEX» maksatnamasynyň 1-nji tapgyryna gatnaşyp bilerler, ýöne bäsleşigiň 1-nji tapgyryna ýylda bir gezek gatnaşmaklyk rugsat edilýär.

 Doly maglumat almak üçin Amerikan Geňeşlikleriniň ofisine ýüz tutup bilersiňiz:

(+99312) 36-90-16; (+99363) 502036

http://americancouncilstm.org/flex/