Türkmenistandaky FLEX uçurymlary Ýöreýiş ýaryşyna gatnaşýarlar!

Türkmenistandaky FLEX uçurymlarynyň koordinatory Ýelena Gareýewa’08, Bütindünýä Arassalaýyş gününi bellemek üçin FLEX uçurymlarynyň arasynda 7-20-nji sentýabr aralygynda Ýöreýiş Ýaryşy 2022-ni gurnady. Bu ýaryşa Türkmenistanyň 5 welaýatyndan we daşary ýurtlardan 20 sany FLEX uçurymy pyýada ýöremäge, ädimlerini sanamaga we üstünliklerini Ýelena bilen paýlaşmaga işjeň gatnaşdy.

Ýaryşyň maksady, uçurymlary adaty ulaglaryň islendik görnüşini ulanmagyň ýerine ekologiýa taýdan arassa “pyýada”ýöremegi saýlamaga, we sagdyn durmuş ýörelgesini goldamakdan ybaratdy. Birnäçe uçurymlar, “Walking Challenge” -iň her gün näçe az ýöreýändiklerine düşünmäge we ýöremek endigini döretmäge kömek edendigini aýtdylar! Olaryň içinden 3 sany ýeňiji saýlandy we olara FLEX uçurymlary üçin niýetlenen sowgatlar gowşuryldy.

Maral Jumadurdyýewa’12, 2 hepdäniň dowamynda 384777 ädim bilen, birinji ýeri eýeledi. Häzirki wagtda Angliýada magistr derejesini dowam etdirýän Aýlar Mammetmyradowa’12 ikinji ýeri eýeledi. Üçünji ýeri, Türkmenabat şäherinde ene we iňlis dili mugallymy Gowher Umarowa aldy!