Türkmenistanda FLEX uçurymlary “Eco-Challenge” çäresine gatnaşýarlar

15-25-nji ýanwar aralygynda FLEX uçurymlarynyň koordinatory Ýelena Gareýewa’08 uçurymlaryň daşky gurşaw meselelerini öňe sürmek, durnukly durmuş ýörelgesi bilen tanyşdyrmak we beýlekileri hem şeýle etmäge ylham bermek maksady bilen FLEX “Eço-Challenge” çäresini gurnady. Munuň üçin FLEX gatnaşyjylaryndan tebigaty goramakdaky oňyn goşantlaryny suratlandyrýan suratlar ibermegi haýyş edildi. Bu çärä Türkmenistanda we daşary ýurtlarda ýaşaýan 20 töweregi uçurym işjeň gatnaşdy.

Ine, uçurymlarymyzyň ajaýyp eserlerinden biri:

“Men ogluma hapalamagy we galyndylary azaltmak, şeýle hem elektrik we suw tygşytlamak arkaly daşky gurşawy goldamaklygy öwretmäge çalyşýaryn. Durmuşymyzy ekologiýa taýdan arassa etmäge synanyşýarys. Şeýlelik bilen, oglum kiçilikden bankalary, çüýşeleri, mata, plastmassa we karton gutulary gaýtadan ulanyp, dürli zatlar ýasýar. Biziň täze ýyl bezeglerimiziň köpüsi şol ýasalan zatlardan ybarat.”<span class="su-quote-cite">Ogulsoltan Ashyrova’05</span>

Iberilen maglumatlar görüldi we 4 ýeňiji saýlanyldy. Olara ekilmäge taýyn toprak we tohumly eko haltalar we küýzeler berildi. Küýzeler we eko haltalarda FLEX uçurymlarynyň nyşany bardy. Ýelenanyň gurnaýan “Walking Challenge”, “Diversity Challenge” we “Eco-Challenge” ýaly çäreleri FLEX uçurymlaryny höweslendirýär we uçurymlar jemgyýetine aktiw gatnaşmaga çagyrýar.