Category Archives: FLEX Alumni

FLEX Minnetdarlyk Güni 2022 tutuş Türkmenistanda bellendi!

FLEX minnetdarlyk güni 2022, 7-nji oktýabrda Türkmenistanyň dört welaýatynda bellenildi. Bu çärä dürli ýyllardan we welaýatlardan umumy 35 uçurym gatnaşdy, olar FLEX maksatnamasynyň we Amerikanyň kabul edýän jemgyýetiniň Minnetdarlyk gününi bellemek üçin uçurymlar ACCELS (Aşgabat), Türkmenabat Amerikan burçy, Mary Amerikan burçy we Daşoguz Amerikan burçuna ýygnandylar. Paýtagtda geçirilen dabara ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimowyň we Amerikan Geňeşlikleriniň Müdiri Kerri Milleriň açylyş sözlerinden başlap, bingo, ownuk oýun oýnamak, ýörite döredilen FLEX uçurymlarynyň minnetdarlyk çarçuwasy bilen surata düşmek we FLEX minnetdarlyk kartlaryny doldurmaklyk bilen dowam etdi. Mundan başga-da, uçurymlara iýmit, içgiler we FLEX maksatnamasynyň logosy bilen bezelen tort hödürlendi. Maksatnama minnetdarlyk bildirmekden başga-da, uçurymlar biri-biri bilen iş we şahsy durmuşlary barada gürleşip hasam ýakynlaşdylar. FLEX maksatnamasynyň uçurymy bolmak bu bir maşgala ýaly birek-birek bilen gyzgyn duýgulary paýlaşmak. FLEX uçurymlarynyň aýdyşy ýaly “Bir gezek FLEX hemişelik FLEX”!

Türkmenistanda “Duýgy dünýäsini ösdürmek” boýunça seminar

7-nji sentýabrdan 10-njy sentýabr aralygynda Türkmenistandaky FLEX uçurymlarynyň koordinatory Yelena Gareýewa’08, Türkmenabat Amerikan burçunda 13 gatnaşyjy bilen “Duýgy intellekti” atly seminary gurnady. Seminar, guramaçynyň “FLEX-başarnygy” seminarynda alan teoretiki we amaly maşklaryny öz içine aldy. Mowzuklar esasan hem işjeň hereket etmek, pikirlenmek we gürlemek, şeýle hem öz-özüňi tanamak düşünjesi, pikir ýalňyşlyklary, ünsli diňlemek we gatnaşmak, stres dolandyrylyşy, gorky, alada we howsala düşmek hüjümlerini tapawutlandyrmakdan ybaratdy.

Continue reading Türkmenistanda “Duýgy dünýäsini ösdürmek” boýunça seminar

Türkmenistanda 2021-nji ýylda FLEX Minnetdarlyk günini bellemek!

2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 4-ne FLEX 2021 Minnetdarlyk güni mynasybetli FLEX uçurymlarynyň Koordinatory çagalar üçin bäsleşik gurnady. Netijede 12 sany çaga bäsleşige gatnaşdy we FLEX nyşanyny döredijilikli reňklediler. Ýeňijiler FLEX maksatnamasynyň doglan gününde, ýagny sentýabr aýynyň 27-de yglan edildi we şol gün onlaýn baýramçylyk gurnaldy.


Türkmenistandan 34 sany FLEX uçurymy FLEX minnetdarlyk gününi bellemäge gyzyklanma bildirdiler we çäreniň dowamynda özara gürleşmäge, tejribelerini paýlaşmaga we  FLEX maksatnamasyna minnetdarlyk bildirmäge mümkinçilik aldylar. Amerikan Burçlarynyň wekilleriniň gurnan oýunlary we çykyşlary çärä şowhun we gyzyklanma gatdy. Kristina Fateýewa FLEX uçurymy’07: “Bu ajaýyp çäreni gurnanyňyz üçin köp sag boluň. Men gaty haladym we FLEX  maksatnamasyna minnetdarlyk bildirýärin”.

Uçurymlara esasan hem “Suratdaky çaganyň Kimdigini Anykla” oýny ýarady, olar oýnyň dowamynda birek-biregiň çagalyk suratlaryndan kimiň-kimdigini tanamaga çalyşdylar. Çäreniň ahyrynda uçurymlar lotereýa oýnuna gatnaşdylar we FLEX maksatnamasynyň nyşany bolan ýadygärlik utuşlara eýe boldular.