Category Archives: FLEX Alumni

FLEX uçurymlary üçin “Netijeli Aragatnaşyk Syrlary” Seminary

2020-nji ýylyň Fewral aýynyň 25-ne Aşgabatdaky Amerikan Geňeşlikleriniň ofisinde FLEX uçurymlaryny “täsirli aragatnaşygyň syrlary” diýlip atlandyrylan seminar Ilýas Seisow gurnady.

Seminaryň başynda gatnaşyjylar “aragatnaşyk” düşünjesi bilen tanyşdylar we onuň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Uçurymlar, şeýle hem, şahsy aragatnaşygyny giňeltmek üçin we “Elevator speech” ýaly dürli tehnikalary iş ýüzünde nähili ulanmaklyk barada maslahatlar aldylar.

Soňunda, gurnaýjy wizit kartoçkalaryň nusgalary görkezdi we näme maglumatlary goşmalydygyny ara alyp maslahatlaşdy

Seminar “çalt okamagyň 7 usuly” FLEX Maksatnama Uçyrymlaryna uçin

Ýanwar aýynyň 25-ne 2020, Amerikan Geňeşlikleriniň Aşgabat ofisinde Ilýas Seisow FLEX maksatnamasynyň uçurymlary bilen “çalt okamagyň 7 usuly” barada seminar geçirdi.


Seminaryň dowamynda Ilýas kitap okamagyň dürli usullary ýagny, bölümleri gaýtalap okamakdan başlap, okalan kitaplaryň statistikasyny döretmeklik bilen tanyşdyrdy.


Uçurymlar öz alan bilimlerini, gurnalan oýunlara gatnaşyp berkitmäge mümkinçilik aldylar.Seminaryň soňunda her bir gatnaşyjy özi barada aýratyn pikirler we tejribelerini ösdürmek üçin haýsy kitaby okamalydygy barada maslahatlar aldylar.