FLEX maksatnamasynyň uçurymlary bilen plastik çöpleme çäresi


Şu ýyly Dünýä güni “Earth day” mynasybetli Türkmenistanyň FLEX uçurymlary plastmassany gaýtadan işlemek taslamasyny gurnadylar. Bir hepdäniň dowamynda 6 sany uçurym öýlerden ulanylan plastmassa galyndylaryny ýygnadylar. Maý aýynyň 9-na uçurymlar ýygnan plastmassany Türkmenistanyň plastmassany gaýtadan işleýän kärhanasyna tabşyrdylar. Balkanabatly FLEX uçurymy Bagtygül Annaýewanyň aýdyşy ýaly: “ Plastmassanyň häzirki ulanylyş derejesi we ýerliksiz taşlamaklyk daşky gurşawyň hapalanmagyna getirýär. Daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmak üçin plastmassany gaýtadan işlemeklik, häzirki wagtda geçirilmesi mümkin bolan iň möhüm çäreleriň biridir.”
Mundan başga-da, uçurymlar FLEX uçurymlarynyň plastmassany gaýtadan işlemek baradaky taslamasynyň bir bölegi hökmünde Aşgabatdaky Amerikan Geňeşlikleriniň ofisine gaýtadan işlemek üçin gap almagy meýilleşdirýärler.